Türkmen sungatynyň sönmejek ýyldyzlary
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda medeniýetimizi we sungatymyzy dabaralandyrýan çäreler giň gerime eýe bolýar. Bu ýylda halypa-şägirtlik ýolunyň dowamatlylygy täze belentliklere göterilýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen saz sungatynyň ägirtleri — meşhur Sary bagşynyň doglan gününiň 155 ýyllygy we zehinli sazanda-kompozitor Oraz Saryýewiň 110 ýyllygy mynasybetli “Türkmen sungatynyň sönmejek ýyldyzlary” atly ýatlama-konserti geçirildi.
Konsert maksatnamasy taryhy owazlar bilen häzirki zaman ýerine ýetirijilik ussatlygynyň sazlaşygyna öwrüldi. Türkmenistanyň halk artistleri Ýolaman Nurymow, Amanöwez Saparow, Şemşat Hojaýewa we Akmyrat Çaryýew özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen konsertde gyzykly gürrüňleri berdiler. Oraz Saryýewiň "Ýatlama" we "Sährada" ýaly eserleri ýerine ýetirijileriň ussatlygynda ýaňlandy. Ýatlama konsertde ýerine ýetirilen Sary bagşy hakynda ýazylan "Ballada", "Ybraýym Şadilli", "Kerem geldi" we "Batyr Karow" ýaly halk sazlary türkmen ruhunyň ebediligini görkezdi. Bu çäre diňe bir ýatlama bolman, eýsem talyplar üçin milli saz sungatymyzyň taryhyna we halypalaryň ömür ýoluna guralan täsirli sapak boldy.
Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.