Esasy mazmuna geç
Ýaşlygyň joşguny, zähmetiň miwesi
Ýaşlygyň joşguny, zähmetiň miwesi
Ýaşlygyň joşguny, zähmetiň miwesi

Ýaşlygyň joşguny, zähmetiň miwesi

20.11.2026
39
Bilim

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Ýaşlyk adam ömrüniň iň bir joşgunly, maksada okgunly  we mümkinçiliklerden doly döwrüdir. Her bir jemgyýetiň ösüşi we rowaçlygy şol ýurduň ýaş nesliniň bilimine, zähmetsöýerligine we watansöýüjiligine gönüden-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi guramanyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem-de işjeňligini görkezen ýaşlary Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanýarlar.
     Ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň hatarynda bu abraýly baýraga biziň bilim ojagymyz bolan  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda  zähmet çekýän “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymy Suraý Kubyýewa, “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Ýusup Meredow, “Halk sazy” fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewa sylaglandylar. Bu abraýly sylag bilim ojagymyzda halypa-şägirtlik ýolunyň sazlaşykly dowam edýändigini hem-de ýaş mugallymlaryň we talyplaryň aýdym-saz sungatyny ösdürmäge goşýan mynasyp goşantlarynyň döwlet derejesinde dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär. 
     Biz hem Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlary gazanan üstünlikleri  bilen tüýs  ýürekden gutlaýarys! Geljekde-de olara döredijilik äleminde uly ýeňişleriň we üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

Orazbagt ARSLANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” 
hünäriniň II ýyl talyby.