Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ýaş nesliň döredijilik ukybyny kämilleşdirmek, sungat äleminde zähmet çekýän ussatlaryň baý tejribesini ýaşlara ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano” fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Miýesser Üljäýewanyň guramagynda we alyp barmagynda Türkmenistanyň teatr sungatynda öz mynasyp goşandyny goşýan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynyň zenan aktrisasy Dilşat Meläýewa bilen aýdym-sazly, söhbetli döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň esasy maksady sungatyň dürli ugurlarynyň özara baglanyşygyny açyp görkezmekden, tejribeli artistiň döredijilik ýoluna nazar aýlamakdan hem-de talyplaryň dünýägaraýşyny ösdürmekden ybaratdyr. Çünki sungat diňe bir sahnada ýa-da ekranda görkezilýän gözellik däl-de, ol ynsan kalbynyň çuňlugyna aralaşýan pikirleri oýandyrýan duýgulary terbiýeleýän we adamlary ruhy taýdan birleşdirýän gudratly güýçdir.
Duşuşygyň başynda Dilşat Meläýewa döredijilik dünýäsi, sahna sungatyna garaýşy hem-de sungata bolan söýgüsi barada gürrüň berdi. Ussat aktrisa teatr sahnasynda we çeper filmlerde ýerine ýetiren keşpleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra duşuşygyň dowamynda “Kompozitor” atly kino filminde janlandyran keşbi tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşyga gatnaşyjylar “Kompozitor” filminden taýýarlanan parçany bilelikde tomaşa etdiler. Saz söhbetli döredijilik duşuşygynda konserwatoriýanyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdymlaryň ýaňlanmagy hem diňleýjileriň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Duşuşygyň ahyrynda öz tejribesini talyplar bilen paýlaşandygy üçin tüýs ýürekden Dilşat Meläýewa hoşallyk bildirildi. Oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygy, döredijilik joşguny, sahna üstünlikleri we täze-täze keşpleriň ýar bolmagy arzuw edildi.
Biz talyp ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge we döredijilik bilen meşgullanyp öz ukyp başarnygymyzy açyp görkezmäge, ussat sungat işgärleri bilen ýygy-ýygydan döredijilik duşuşyklaryny geçirip, pikir alyşmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys.
Göwher Agageldiýewa,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.