Okuw-usuly maslahaty geçirildi
2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Elektrik stansiýalary kafedrasynyň professor- mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Elektrik stansiýalarda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary” atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda elektrik stansiýalarda ulanylýan sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary, olaryň önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti, energetika ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň orny barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle hem sanly tehnologiýalaryň elektrik energiýasyny öndürmek, dolandyrmak we gözegçilik etmek işlerinde ulanylmagy, bu ugurda innowasion çözgütleriň ähmiýeti barada pikir alyşyldy.
Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň energetika we bilim ulgamlaryna döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmakda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty