Esasy mazmuna geç
Bilim habarlary
“Ýaşyl mekdep” we ählumumy howa başlangyçlary — durnukly geljegiň ygtybarly binýady

“Ýaşyl mekdep” we ählumumy howa başlangyçlary — durnukly geljegiň ygtybarly binýady

21 Nov 2026, 14:03 112

Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak tutuş adamzadyň öňünde duran esasy wezipeleriň birine öwrüldi. Türkmenistan bu ählumumy meseleleri çözmekde halkara we milli derejede möhüm başlangyçlary öňe sürýär. 2026-njy ýylyň 11-nji noýabrynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31) Liderler sammitinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz howa baradaky ählumumy dialogy dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmegiň möhümdigini nygtady. Maslahatda 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň öz işine başlajakdygy baradaky hoş habar yglan edildi. Şeýle hem geljekde çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bölegini durmuşa geçirmek hem-de BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) we Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara instituty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly başlangyçlar sebitde suwy tygşytlamaga, oba hojalygyny innowasiýalar esasynda ösdürmäge we azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hem bu başlangyçlaryň many-mazmunyny talyplara we jemgyýetçilige düşündirmek işleri işjeň alnyp barylýar.

Bu giň gerimli döwlet syýasatynyň we halkara başlangyçlaryň üstünlikli dowam etdirilmegi bolsa ýaş nesillere ýaşlykdan ekologik terbiýe bermek we olaryň tebigata bolan jogapkärçilikli garaýşyny kemala getirmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, umumybilim berýän mekdeplerde «ýaşyl» bilim ýörelgelerini okuw-terbiýeçilik işine ornaşdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.

Bu ugurdaky iň möhüm başlangyçlaryň biri Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikde durmuşa geçirýän «Ýaşyl mekdep» maksatnamasydyr. Merkezi Aziýa sebitinde öz ugry boýunça ilkinji bolan bu taslama 2025-nji ýylda ýurduň ähli welaýatlaryny hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerini gurşap alýan 20 synag mekdebinde badalga aldy. Maksatnama mekdebi dolandyrmak, infrastrukturany we onuň ulanylyşyny kämilleşdirmek, okatmak we bilim bermek, şeýle hem jemgyýet bilen özara hyzmatdaşlyk ýaly dört esasy ugra daýanýar. Bu konsepsiýa ekologiýa düşünjesini diňe bir okuw dersleriniň temasy hökmünde däl, eýsem, okuwçylaryň gündelik durmuşynda berjaý edýän endigine öwürmegi maksat edinýär.

Maksatnamanyň çäklerinde synag mekdeplerinde okuwçylar üçin ýörite eko-klublar döredildi. Bu gurnaklarda okuwçylar diňe nazary bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, daşky gurşawy goramak boýunça amaly işlere hem işjeň girişdiler. Okuwçylar özbaşdak başlangyç görkezip, mekdep howlularynda agaç nahallaryny oturdýarlar, çäkleri abadanlaşdyrýarlar, suwy we energiýany tygşytly ulanmagy öwrenýärler hem-de synpdaşlaryny ekologik çärelere çekýärler. Mundan başga-da, okuwçylar milli «Ýaşyl başarnyklar» bäsleşigine we adatdan daşary ýagdaýlaryň, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça okuw-türgenleşik çärelerine gatnaşyp, özleriniň döredijilik ukybyny hem-de liderlik häsiýetlerini görkezdiler.

2026-njy ýylyň noýabr aýynda «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň ilkinji milli sertifikatlaşdyryş tapgyry üstünlikli jemlendi. Bahalandyryş işleri dört tapgyrda geçirildi: mekdepleriň bäş ugur boýunça öz-özüne baha bermegi, degişli bilim müdirliklerine portfolio taýýarlamagy, hünärmenleriň mekdeplere baryp ýerinde daşarky baha bermegi we Sertifikatlaşdyrma geňeşiniň karar kabul etmegi. Netijede, maksatnama gatnaşan 18 synag mekdebine resmi taýdan «Ýaşyl mekdep» derejesi berildi. Olaryň 12-si I derejä, 6-sy bolsa II derejä mynasyp boldy. Geljekde maksatnamanyň düzgünlerini iki ýylyň dowamynda yzygiderli ýerine ýetiren mekdepler iň ýokary III derejä — «Ýaşyl baýdakly» durnukly ösüş boýunça öňdebaryjy mekdep derejesine dalaş edip bilerler.

Synag tapgyrynda gazanylan oňyn netijeleriň esasynda «Ýaşyl mekdep» başlangyjyna Türkmenistanyň ýene 100 mekdebi goşulyp, gatnaşyjy mekdepleriň umumy sany 120-ä ýetirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF 2030-njy ýyla çenli bu maksatnama ýurtdaky takmynan 1900 mekdebiň 500-sini çekmegi meýilleşdirýärler. Täze tapgyrda mekdepler üçin howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ýörite usuly gollanmalar taýýarlanylar. Şeýle hem galyndylary aýratyn ýygnamak we gaýtadan işlemek tejribesini ornaşdyrmak, ene-atalary we ýerli jemgyýetçiligi mekdepdäki ekologik çärelere has işjeň çekmek indiki esasy ädimleriň biri bolar.

Umuman alanyňda, «COP31» maslahatynda öňe sürlen ählumumy howa başlangyçlary bilen «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň giň gerimde durmuşa geçirilmegi biri-biriniň üstüni ýetirýän bitewi ulgamy emele getirýär. Bu işler diňe bir ýaş nesliň ekologik dünýägaraýşyny giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem, tebigata aýawly garaýan, jogapkärçilikli we işjeň raýatlary kemala getirmäge hem-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge uly goşant goşýar.

Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň Umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni

Kerimmuhammet Muhammetorazow