Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyp ýaşlaryň döredijilik we intellektual ukyplaryny ösdürmäge, olaryň daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmeklerine gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda ýokary okuw mekdebiniň "Jemgyýeti öwreniş ylymlary" kafedrasynyň guramagynda talyplaryň arasynda iňlis dilinde "Pitch perfect presentation" atly bäsleşik geçirildi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp guralan bu bäsleşik aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuşyň ähli ugurlarynda gazanan beýik ösüşlerini we taryhy üstünliklerini çuňňur wasp edýän gyzykly tanyşdyryşlary taýýarlap, iňlis dilinde täsirli çykyş etdiler.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, emin agzalary tarapyndan talyplaryň çykyşlarynyň saýlanyp alnan tema gabat gelişi, görkezme slaýdlarynyň döwrebap bezelip taýýarlanyşy, iňlis dilindäki sözleriň dogry we arassa aýdylyşy hem-de gürrüňiniň yzygiderli, logiki taýdan dogry guralyşy ýaly möhüm talaplar esasynda syn edildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän 2026-njy "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" ýylynyň belent maksatlaryna laýyklykda, ýaş nesliň kämil, giň dünýägaraýyşly we watansöýüji bolup ýetişmegine uly üns berilýär. Guralan bäsleşik hem hut şu maksatlara hyzmat edip, daşary ýurt dillerini ýokary derejede bilýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan we öz başarnyklary bilen Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ukyply täze ýaş zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ädim boldy. Emin agzalarynyň adalatly bahalandyrmagy esasynda bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Oňa görä:
I orna özüniň iňlis dilinde erkin geplemek we temany sazlaşykly açyp görkezmek başarnygy bilen tapawutlanan “Kompozisiýa, sazşynaslyk we fortepiano” fakultetiniň “Kompozisiýa” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Leýli Hudaýberdiýewa mynasyp boldy.
II orny “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň "Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary" hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gülzada Meredowa eýeledi.
III orna bolsa “Orkestr saz gurallary” fakultetiniň "Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary" hünäriniň 4-nji ýyl talyby Mährijemal Çaryhanowa mynasyp görüldi.
Bäsleşigiň ahyrynda işjeň gatnaşan we baýrakly orunlary eýelän talyplara guramaçylar tarapyndan degişli sylaglar gowşuryldy. Gatnaşyjylar ýaşlaryň ylym-bilim almagy, daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegi üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly minnetdarlyk bildirdiler.
Gülzada MEREDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň II ýyl talyby