Esasy mazmuna geç
Döredijilige bagyşlanan ömür: Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarowyň 90 ýyllyk ýubileý konserti
Döredijilige bagyşlanan ömür: Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarowyň 90 ýyllyk ýubileý konserti
Döredijilige bagyşlanan ömür: Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarowyň 90 ýyllyk ýubileý konserti
Döredijilige bagyşlanan ömür: Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarowyň 90 ýyllyk ýubileý konserti

Döredijilige bagyşlanan ömür: Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Rejep Allaýarowyň 90 ýyllyk ýubileý konserti

20.11.2026
29
Konsertler

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungat äleminde toý-dabaralara, ýatda galyjy konsertlere beslenmegine dowam edýär. Yhna şeýle konsertleriň biri M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda Türkmenistanyň halk artisti, “Gaýrat” medalynyň eýesi, saz-jemgyýet işgäri, kompozitor, professor, mugallym Rejep Allaýarowyň 90 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi. Bu ýubileý konsert uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen gatnaşyjylaryň we diňleýjileriň söýgüsini gazanmagy başardy.
     Rejep Allaýarow öz döredijiliginde milli gözbaşlary we XX asyryň öňdebaryjy Ýewropa sazyny birleşdirip bilen kompozitor hökmünde türkmen sungatynyň taryhyna giren beýik şahsyýet. Köplenç “Alfred Şnitkäniň gündogarly şägirdi” diýlip atlandyrylýan kompozitoryň döredijiligi özboluşlylygy, kämilligi,  çylşyrymly döwrebap tehnikalary bilen tapawutlanýar. Kompozitoryň ýubileý konsertiniň açylyşynda Nesiminiň sözlerine solist, hor we kamera orkestri üçin döreden “Bolmasyn” eseri Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi S. Kubyýewanyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp girişe öwrüldi. Bilşimiz ýaly, kompozitoryň döredijiligi simfoniýa, kamera-wokal, kamera-instrumental žanrlarynda döredilen eserlere örän baýdyr. Munuň şeýledigine konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlar aýdyň şaýatlyk edýär. Olardan “Ölmezmiş”, “Ýerim-de ýok” (sözi: Garajaoglanyňky), “Rus tokaýy” (sözi: A. Taganyňky), “Mähriban diýar” (sözi: A. Atabaýewyňky), “Üç tans”, “Prelýudiýa cis-moll”, “Şapak” ýaly eserleri belläp geçsek bolar.
     Konsertde kompozitoryň şägirtleri R. Nepesow, M. Mämmetjumaýewa, N. Hojamuhammedow öz ýatlamalary bilen söz sözläp, her biriniň durmuşynda baky orun alan ussadyň çäksiz söýgüsini, zehinini, adamkärçiligini buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle hem kompozitoryň döredijilik ýoly wideoşekil arkaly tomaşaçylara ýetirildi. R. Allaýarowyň fleýta we simfoniki orkestr üçin döreden “Gadymy galanyň owazlary” eseri mugallym N. Jumageldiýewiň, saksofon we orkestr üçin “Nesiminiň ýagty ýadygärligine” elegiýasy mugallym Ş. Batyrowyň ýerine ýetirmeginde konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Kompozitor M. Annamyradowyň R. Allaýarowyň ýagty ýadygärligine bagyşlap döreden wiolonçel we fortepiano üçin poemasy konsertiň ýatda galyjy eserleriniň birine öwrüldi. Konsertde ajaýyp zehinleri bilen çykyş eden göreldeli talyplar A. Babagulyýew, B. Joraýew, R. Meredow, G. Annamuhammedowa, A. Nurgeldiýew, S. Salyhowa, G. Kulyýewa, G. Tagandurdyýew okuw jaýynda kompozitoryň döredijiligine goýulýan sarpanyň, söýgüniň belentden tutulýandygyny görkezdiler.
     Konsertde kamera orkestrine Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri N. Muhyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi D. Ökdirow, E. Jumanyýazow, hor toparyna hormeýster R. Orunowa dirižýorlyk etdiler. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen her bir eser, aýdymlar kompozitoryň sungat ummanyny ýene bir ýola giňden açyp görkezdi. Ýubileý konsertiň ahyrynda çykyş eden mugallymlar, talyp ýaşlar, şeýle hem tomaşaçylar sungatymyzyň beýik ussatlarynyň durmuş ýoluny, döredijiligini ösüp gelýän ýaş neslimize ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gülzada MEREDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary” hünäriniň II ýyl talyby.