“Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygy geçirildi

     
         Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen sazşynaslyk ylmynyň derwaýys meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat milli saz sungatymyzyň düýbüni tutan ussatlaryň ýubileý dabaralary bilen utgaşyp, ylym we sungat älemini bir ýere jemledi.
     Milli mirasymyzy ylmy esasda öwrenmek we ony dünýä ýaýmak ugrunda bitirilýän işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze belentliklere göterilýär. Konserwatoriýanyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň guramagynda geçen bu maslahatda görnükli kompozitorlar D. Öwezowyň, W. Muhadowyň we S. Tüýliýewiň döredijilik ýollary ylmy garaýyşlar bilen seljerildi.
       Maslahatyň dowamynda türkmen operasy we dessan sungatynyň özara baglanyşygy aýratyn orun aldy. Operanyň taryhy we onuň gurluş aýratynlyklary boýunça birnäçe möhüm dokladlar diňlenildi. T. Litwina dessanyň opera formasyna geçişini “Leýli-Mejnun” operasynyň mysalynda beýan eden bolsa, B. Aýdogdyýewa edebi mirasymyzyň “Şasenem- Garyp” operasynyň kemala gelmegindäki ähmiýetini açyp görkezdi. Şeýle hem, S. Baýryýewanyň “Ganly saka” operasynyň dramaturgiýasy baradaky çykyşy operanyň taryhy gymmatyny ýene bir gezek subut etdi.
         S. Tüýliýewiň döredijiligi bilen baglanyşykly çykyşlar aýratyn gyzyklanma döredip maslahatyň iň gyzykly bölümleriniň biri boldy. Bu ugurda A. Açylowyň we G. Magtymgulyýewanyň çykyşlary kompozitoryň döredijiliginiň iki dürli tarapyny- çagalar dünýäsini we ylmy-nazaryýet esaslaryny açyp görkezdi. A. Açylow öz çykyşynda S. Tüýliýewiň çagalar üçin ýazan aýdymlaryndaky milli simwolikanyň çuňlugyna ünsi çekdi. Ol kompozitoryň kiçi ýaş nesillere niýetlenen eserleriniň diňe bir ýönekeý sazlardan ybarat bolman, eýsem türkmen halkynyň milli aň-düşünjesini, tebigata bolan söýgüsini we gadymy däp-dessurlaryny saz dilinde beýan edýän möhüm guraldygyny belledi. G. Magtymgulyýewa bolsa S. Tüýliýewiň işine has giňişleýin, ýagny diňe bir kompozitor däl-de, eýsem ussat sazşynas hökmünde baha berdi. Ol kompozitoryň ylmy-nazaryýet işleriniň türkmen sazynyň kämilleşmegine goşýan goşandyny seljerdi. Magtymgulyýewanyň bellemegine göra, Tüýliýew öz eserlerinde milli äheňleri häzirki zaman kompozisiýa usullary bilen ylmy esasda utgaşdyrmagy başarýar. Onuň ylmy gözlegleri türkmen professional sazynyň nazaryýetini baýlaşdyrmakda we ony halkara derejesinde wagyz etmekde möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Maslahatyň dowamynda L. Babaýewa kompozitoryň “Dünýe, heý” atly wokal toplumynda akyldar şahyr Magtymgulynyň poeziýasynyň nähili beýan edilýändigini açyp görkezdi. J. Orazowa bolsa S. Tüýliýewiň döredijiliginde simfonik poema žanrynyň aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
           Moderator B. Ýakubowanyň ýolbaşçylygynda geçen bu maslahat diňe bir ylmy hasabat bolman, eýsem türkmen sazynyň geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň bitewi bir sazlaşygyny görkezdi. Milli sungatymyzyň taryhy şahsyýetleriniň ýubileýlerine bagyşlanan bu maslahat, ýaş sazşynaslaryň ylmy gözleglerine täze itergi berjekdigi şübhesizdir.
           Sözümiň ahyrynda, milli medeniýetimiziň we saz sungatymyzyň ösmegine, pederlerimizden miras galan gymmatly mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine we dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin. Halkymyzyň ruhy baýlygy bolan saz sungatymyzy täze belentliklere göterýän ylym-bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredip berýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!


Jemal BEGENJOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk”
hünäriniň II ýyl talyby.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm