Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy ýurdumyzda professional aýdym-saz ugrundan ýokary bilim berýän ýeke-täk ýokary okuw mekdebidir. Ol 1972-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat instituty ady bilen açylypdy.
Şol ýyllarda bu ýokary okuw mekdebinde “Sungat”, “Saz mugallymy”, “Medeni aň-bilim” fakultetleri we Sazyň taryhy, nazaryýeti we kompozisiýa, Ýörite we umumy fortepiano, Ýekelikde aýdym aýtmak, Umumy wokal we dirižýorlyk etmek, Orkestr we halk saz gurallary, Jemgyýetçilik ylymlary kafedralary hereket edýärdi .
Türkmen milli konserwatoriýasynyň taryhyna nazar aýlanyňda, onuň gurluşynda birnäçe özgertmeleriň bolandygyna göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda 1992-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynyň esasynda Aşgabat döwlet konserwatoriýasy we Türkmen döwlet medeniýet instituty döredilýär. Şol karara laýyklykda Aşgabat döwlet konserwatoriýasyna “Sungat” fakulteti we “Saz mugallymy” hünäri degişli edilýär. 1993-nji ýylda Aşgabat döwlet konserwatoriýasy Türkmen milli konserwatoriýasy diýlip atlandyrylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň “Türkmen milli konserwatoriýasyna Maýa Kulyýewanyň adyny dakmak hakynda” 2019-njy ýylyň 02-nji martynda çykaran kararyna laýyklykda, Türkmen milli konserwatoriýasyna Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ady dakyldy.