DALAŞGÄRLERE
MAÝA KULYÝEWA ADYNDAKY TÜRKMEN MILLI KONSERWATORIÝASY
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen
maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen
maksatnamasy (býujet esasynda):
1.
Aýdym-saz sungaty (hünärler:
türkmen sazy; halk saz gurallary;
fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary;
aýdym sungaty; bagşy; opera sungaty; hor dirižýorlygy; orkestr dirižýorlygy; sazşynaslyk; türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça
sazşynaslyk; kompozisiýa).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasynda):
1. Aýdym-saz sungaty (hünärler: saz mugallymçylygy; estrada sungaty).
Konserwatoriýa Türkmenistanyň orta hünär saz bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň
netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Saz mugallymçylygy; estrada sungaty hünärlerine çagalar sazçylyk mekdebiniň möçberinden pes
bolmadyk saz bilimli raýatlar kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde
2024-nji ýylyň 15 - 28-nji
iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada
rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen
nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky
resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky
ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki
ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň
(diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky
saglyk kepilnamasy;
— soňky okan
ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki
sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin
zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri
boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara
bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň
döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara
döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli
resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen
resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary
görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
—
harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş
şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan
peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2024-njy ýylyň 31-nji iýulyndan 7-nji awgusty aralygynda Maýa
Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynda (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri
boýunça geçirilýär:
hünärler: türkmen sazy; halk saz gurallary;
fortepiano; kirişli saz gurallary; üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary — hünäri boýunça (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik),
solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we
dilden);
hünärler: aýdym sungaty;
opera sungaty; bagşy; — hünäri boýunça (ýerine
ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz nazaryýeti (ýazmaça we dilden),
Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden);
hünärler: hor dirižýorlygy; orkestr
dirižýorlygy; — hünäri boýunça we fortepiano (ýerine ýetirmek we
söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy
(ýazmaça we dilden);
hünärler:
sazşynaslyk, türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti boýunça sazşynaslyk — solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), saz guraly
(ýerine ýetirmek) we saz edebiýaty (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy
(ýazmaça we dilden);
hünär:
kompozisiýa — döreden eserleri we fortepiano (ýerine ýetirmek we
söhbetdeşlik), solfejio we garmoniýa (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy
(ýazmaça we dilden);
hünärler:
saz mugallymçylygy; estrada sungaty — hünäri
boýunça we ýörite saz guraly (ýerine ýetirmek we söhbetdeşlik), solfejio we saz
nazaryýeti (ýazmaça we dilden), Türkmenistanyň taryhy (ýazmaça we dilden).
Okuw dersleri boýunça giriş
synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň, ýörite orta sazçylyk mekdepleriniň,
çagalar sazçylyk mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş
synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde
bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw
dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara
goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen
ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga
kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň
rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22, tel.: 92-28-56.