Aspirantura



Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasyna 17.00.02 – Saz sungaty hünäri boýunça aspirantura kabul edilýär we kandidatlyk, doktorlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin dalaşgärler hasaba alynýar.
ASPIRANTURA KABULETMEGIŇ TERTIBI: 
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378 belgili Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, aspirantura ýokary bilimli, azyndan 5 ýyl iştejribesi bolan, saýlan ugry boýunça ylmy gözlegleri geçirmekde başarnygyny görkezen şahslar bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
Aspirantura girmek hakynda aspirantlary taýýarlamagy amala aşyrýan ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arza şu resminamalary goşmak bilen berilýär:
  • ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny we onuň goşundysy (ýokarybilimi daşary ýurtda alanlar üçin 
  • degişli diplomynyň we onuň deňderejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasyny); 
  • işgärleri hasaba almak boýunça şahsy kagyz; 
  • № 086/h görnüşli lukmançylyk güwänamasy; 
  • 4x6 sm ölçegdäki üç sany fotosurat; 
  • neşir edilen ylmy işleriniň sanawy, eger-de okuwa girýäniň ylmy işleri boýunça oýlap tapmalary bar bolsa ylmy-barlag işleriniň we oýlap tapmalarynyň, hasabatlarynyň sanawy; 
  • hünärine laýyklykda saýlap alan temasy boýunça ylmy referat; 
  • zähmet depderçesiniň nusgasy. Aspirantura girýän raýatýokary okuw mekdebini tamamlandygy hakynda diplomy (daşary ýurtda bilim alanadamlar üçin 
  • diplom we onuň deň derejelidigi hakynda ykrar şahadatnamany) we şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasyny getirip görkezýär. 
YLYMLARYŇ KANDIDATYALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄRLERI BERKITMEGIŇ TERTIBI:
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgärler ýokary bilimli bolmalydyrlar. Aspiranturada doly okuwy geçenler ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgär hökmünde kabul edilmeýär. Dalaşgärleri kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin berkitmek üç ýyldan köp bolmadyk möhletde amala aşyrylýar. Bir wagtyň özünde iki ýa-dabirnäçe ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada dalaşgär bolmaga rugsat edilmeýär.
Ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesine dalaşgäriň ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara berkidilmegi üçin: 
  • ýokary okuw mekdebiniň rektorynyň ýa-da ylmy-barlag edaranyň ýolbaşçysynyň adyna arzasyny; 
  • ýokary bilimi hakynda diplomynyň nusgasyny (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin – degişli diplomynyň we onuň deň derejelidigini tassyklaýan Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen ykrar şahadatnamanyň nusgasy). Şahsyýetini tassyklaýan resminamany we ýokary bilimi hakyndaky diplomynyň (ýokary bilimi daşary ýurtda alanlar üçin – degişli diplomy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan berlen we onuň deň derejelidigini tassyklaýan ykrar şahadatnamany) asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär. 
YLYMLARYŇ DOKTORYALYMLYK DEREJESINE DALAŞGÄR HÖKMÜNDE HASABA ALMAGYŇ TERTIBI: 
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgäriň ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesi bolmaly. Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ylmy işini doktorlyk dissertasiýasy görnüşinde taýýarlamak üçin 4 ýyl möhlet bilen ýokary okuw mekdebine ýa-da ylmy edara hasaba alynýar. 
Ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgär ýokary okuw mekdebinde ýa-da ylmy edarada hasaba alynmagy üçin ýolbaşçynyň adyna: 
  • ylymlaryň kandidaty diplomynyň nusgasy goşulan arza; 
  • dissertasiýanyň ugry boýunça ylmy işleri alyp barýan ýokary okuw mekdebiniň ýa-da ylmy edaranyň Alymlar geňeşiniň dissertasiýanyň 2/3 böleginiň taýýarlygy baradaky güwänamasy. Şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň we ylymlaryň kandidaty diplomynyň asyl nusgasyny dalaşgäriň özi getirip görkezýär.

Paýlaş

Aspirantura

Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasyna 17.00.02 – Saz [...]

Mugallymlar

Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasyna 17.00.02 – Saz [...]

Sanly bilim

Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasyna 17.00.02 – Saz [...]

Kitaphana

Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasyna 17.00.02 – Saz [...]

Gazetler

Maýa Kulyýewa adyndakyTürkmen milli konserwatoriýasyna 17.00.02 – Saz [...]

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm