Medeni diplomatiýanyň täze sahypasy: Günorta Koreýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky saz köprüleri

     
     Sungat – dilleriň we uzak aralyklaryň çäklerinden aşyp geçýän ýeke-täk hakyky ählumumy dildir. Ine, bu hakykatdygyna ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wondžäniň bu ýokary okuw mekdebine amal eden sapary aýdyň şaýatlyk edýär. Myhmanyň ýokary okuw mekdebiniň ýerine ýetirijilik hünärleri boýunça bilim berýän mugallymlary bilen geçiren duşuşygy iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň hakyky döredijilikli dialoga öwrülýändigini ýene bir gezek subut etdi. Ilçi konserwatoriýanyň muzeýine aýlanyp, türkmen milli saz gurallary bilen şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň döredijilik ýoly bilen tanyşdy. Bu ýerde bagşylar ansamblynyň türkmen halk aýdymlaryny hem-de watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän ajaýyp eserleri ýerine ýetirmekligi myhmanlar üçin has-da täsirli pursatlary döretdi. 
         Iki halkyň arasyndaky taryhy kökler gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollaryndan başlap, şu günki gün medeni we sungat gatnaşyklary arkaly täze many-mazmun bilen baýlaşýar. Bu hyzmatdaşlygyň iň parlak we ýatdan çykmajak mysallarynyň biri hökmünde türkmen sungat wekilleriniň Koreýa Respublikasyna saparlaryny aýtmak bolar.  Sungat işgärleriniň arasynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň "Ýekelikde aýdym aýtmak" kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Gaýypowyň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklary has-da buýsandyryjydyr.Ýakynda Koreýa Respublikasynyň Medeniýet, sport we turizm ministrligine degişli Milli aziýa medeniýetiniň merkezi (ACC) tarapyndan ýokary derejede guralan «Ariran Beýik Ýüpek ýoly bilen duşuşýar» («Ариран встречается с Великим шелковым путем») ady birlikdäki möhüm konsert bu ugurda uly ädim boldy. Bu dabaraly çäre «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa» birinji sammitiniň üstünlikli tamamlanmagyna bagyşlanyp, sebitara dostlugyň dabaralanmasyna öwrüldi. 
     Ilçi Li Wondžäniň konserwatoriýadaky bu duşuşygy ýokary derejeli medeni gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna, täze bilelikdäki taslamalaryň, talyplar we mugallymlar alyş-çalyş maksatnamalarynyň ýola goýulmagyna berk binýat bolup hyzmat edýär. Sungat arkaly döredilýän bu köprüler geljekde iki ýurduň ýaş nesilleriniň has hem ýakynlaşmagyna, özara düşünmegine we medeni mirasynyň baýlaşmagyna giň ýol açýar. Bu günki geçen duşuşyk hem işjeň gatnaşyklary – türkmen we koreý medeniýetleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň has-da uzaklara ýüz urjakdygyndan habar berýän ajaýyp başlangyçdyr.


Röwşen ATAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm