Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň Ýewropadaky üstünlikli çykyşy
Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri eýýäm birnäçe ýyl bäri diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem halkara sahnalarynda-da özüniň ýerine ýetirýän sazlary bilen diňleýjileriň uly söýgisine we hormatyna eýe bolup gelýär. Hormatly Prezidentimiziň nusgawy saz sungatyny ösdürmäge hem-de ýaş zehinleriň dünýä derejesindäki abraýly halkara arenalarynda çykyş etmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilen «Young Euro Classic» festiwalynda üstünlikli çykyş etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ussat dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky zehinli ýaşlardan ybarat Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestri Berlinde geçirilen 27-nji «Young Euro Classic» halkara festiwalyna gatnaşyp, dünýäniň dürli künjeklerinden abraýly orkestrleriň we sazandalaryň we ýewropaly tomaşaçylaryň öňünde şowly çykyş edip olarda uly täsir galdyrmagy başardylar.
Ýaş zehinlerimiziň halkara derejesindäki festiwallara işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanmagy Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlar syýasatyna we medeniýet ulgamyna berýän yzygiderli goldawynyň aýdyň netijesidir.
«Young Euro Classic» festiwaly 2026-njy ýylyň 31-nji iýuldan 16-njy awgusty aralygynda geçirilýän bu abraýly ýaşlar simfonik orkestrleri festiwaly dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 14 sany öňdebaryjy ýaşlar orkestrini bir ýere jemledi.
Dünýäniň şeýle ajaýyp ýerinde geçirilen konsertde Türkmenistanyň Ýaşlar simfonik orkestriniň düzüminde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň çykyş etmekleri has-da buýsandyryjydyr.
Türkmenistanyň Ýaşlar simfonik orkestriniň konsert meýilnamasy gaty baý we mazmunly boldy. Çykyşlardan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymy Şaislam Kamiljanowyň (fortepianoda) we Türkmenistanyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde zehinli kompozitor Çary Nurymowyň fortepiano we orkestr üçin ýazan konserti, ussat kompozitor Weli Muhadowyň uly ruhubelentlige beslenen «Meniň Watanym» simfonik poemasy diňleýjilerde has-da ýatda galyjy pursatlary döretdi. Bu eserler ýewropaly diňleýjilere türkmen saz sungatynyň baý öwüşginlerini, milli ruhuny we çuňňur mazmunyny açyp görkezdi.
Türkmenistandan gatnaşan ýaş ýerine ýetirijileriň bu halkara sahnada çykyş etmegi ýurdumyzyň baý medeni mirasyny we sungat älemindäki ösüşlerini Ýewropanyň baş akademik sahnasynda giňden wagyz etmäge uly mümkinçilik döretdi. Bu üstünlik ýaş zehinleriň halkara derejesindäki ýollaryny açmak bilen birlikde, milli saz medeniýetimiziň dünýä derejesindäki abraýyny has-da belende göterdi.
Biz ýaş nesillere döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Seýran ATANÝAZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Kirişli saz gurallary ” hünäriniň V ýyl talyby.