Türkmen aýdym-sazy ýer ýüzüne ýaň salýar


    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  milli  medeniýetimiz we sungatymyz ösüşleriň hem-de kämillikleriň  belentliklerinde  nazarlaýar. Türkmen aýdym-saz sungatymyz bu günki gün dünýä ýüzüne ýaň salýar.   2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda  Koreýa Respublikasynyň  Gwanjou şäherinde  ,  18-nji  iýulynda  bolsa Seul şäherinde  dostluk günleriniň  çäginde  “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy”  dostluk assosiasiýasy  tarapyndan  “Beýik  Ýüpek  ýoluna Arirang arkaly medeni syýahat”  atly çäreleri geçirildi.
     Bu çärelere  Merkezi  Aziýa  ýurtlary: Türkmenistandan, Özbegistandan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistandan  sungat ussatlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň  wekiliýetinden  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli  konserwatoriýasynyň “Ýekelikde aýdym aýtmak  kafedrasynyň  müdiriniň wezipesini wagtlaýyn  ýerine ýetirijisi,  uly mugallymy Begenç Gaýypow  hem-de  Lebap welaýatynyň Çärjew etrap  medeniýet merkeziniň  tans toparynyň  artisti  Arslan  Jumaýew gatnaşyp,  üstünlikli çykyş etdiler. Bu çärede Türkmenistanly wekiliýetinden gatnaşan  Maýa Kulyýewa  adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy Gaýypow Begenç “Мирьянг Ариран“ atly koreý dilinde   we Nury  Halmämmedowyň  sazyna Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Uýat eýleýir” aýdymlary ýerine ýetirdi.Çärede çykyş eden  sungat ussatlaryna  Koreýa  Respublikasynyň  Milli Aziýa Medeniýet  merkezi  tarapyndan  ajaýyp çykyş ussatlygy hem-de Koreýa  bilen Türkmenistanyň  arasyndaky  medeni hyzmatdaşlygyň  ösüşine goşant goşandyklary üçin  ýadygärlik  baýragyň gowşurylmagy, türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň  taýsyz tagallalarynyň  netijesinde türkmen  medeniýetiniň we sungatynyň  dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň  ykrarnamasydyr.   Bu ajaýyp çärede ýaňlanan  hoş owazly  aýdym-sazlarymyz tomaşaçylar  tarapyndan  gyzgyn garşylanyp, köpöwüşginli sungatymyz olarda  ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.  Türkmen medeniýetiniň sungatynyň  gülläp ösmegi hem-de  dünýäde dabaralanmagy ugrundaky uly goldaw hemaýatlary  üçin,  Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň  janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.  
 
Maral NURYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
 konserwatoriýasynyň  kitaphana müdiri.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm