Şuşada Türkmen şygryýetiniň dabaralanmagy
2026-njy ýylyň 16-17-nji iýuly aralygynda Azerbeýjan respublikasynyň Haýdar Aliýew gaznasynyň, Azerbeýjan respublikasynyň medeniýet ministrliginiň we TURKSOY halkara guramasynyň bilelikde guramagynda "Wagif şygryýet günleriniň" çäklerinde Türki dünýäsiniň ýaş şahyrlaryňyň II halkara festiwaly geçirildi. Bu festiwala birnäçe türki halklaryndan, Ýagny Türkmenistan, Azerbeýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan döwletlerinden ýaş şahyrlar gatnaşdylar.
Şygryýet günleriniň dowamynda doganlyk halklardan gelen ýaş şahyrlaryň döredijilik duşuşygy hem geçirildi. Bu duşuşykda festiwaly gurnaýjy ýolbaşçylar, dostlukly halklardan gelen wekiller we ýaş şahyrlar çykyş edip, özleriniň ajaýyp goşgularyny ýerine ýetirdiler. Türkmenistan döwletimizden baran ýaş şahyrlar hem bu duşuşykda özleriniň buýsançly, tämiz ýüreklerinden çykan iň ajaýyp duýgulary bilen ýazan, şeýle hem Ata Watanymyzy wasp edýän goşgulary bilen joşgunly ýürekleriniň depginine gatyp ynam bilen diýseň üstünlikli çykyş etdiler.
Soňra Azerbeýjan respublikasynyň Şuşa şäherinde dikeldilen "Molla Penah Wagif" ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada festiwalyň dowamynda geçirlen bäsleşigiň ýeňijileri dürli sylaglar bilen sylaglandyryldy. Biziň ildeşlerimiz hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şeýle sylaglaryň biri hem biziň Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Ýusup Meredow TURKSOY-yň ýörite diplomy bilen sylaglandyryldy.
Mekan MUHAMMEDOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sanly tehnologiýalar we
maglumat howpsuzlygy" bölüminiň başlygy.