"Medeniýet sungatyň mekanydyr bu Diýar" atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi


  Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Medeniýet sungatyň mekanydyr bu Diýar» atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.
     Çäräniň esasy maksady türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşini wagyz etmekden, ýaş nesilde milli gymmatlyklarymyza bolan hormaty artdyrmakdan hem-de medeni mirasymyzy giňden tanatmakdan ybarat boldy.
     Duşuşygyň dowamynda Türkmen milli konserwatoriýanyň kitaphanasynyñ müdiri Maral Nuryýewa çykyş edip, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösüşinde gazanylan üstünlikler, milli medeni mirasymyzyň häzirki döwürde has-da baýlaşdyrylmagy hem-de onuň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.
     Şeýle-de, konserwatoriýanyň mugallymy Röwşen Muhammedow çykyş edip, sungatyň jemgyýetdäki orny, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde onuň ähmiýeti we milli sungatymyzyň dünýä derejesinde gazanýan üstünlikleri barada täsirli pikirlerini beýan etdi.
     Çärä gatnaşyjylar konserwatoriýanyň kitaphanasy tarapyndan taýýarlanan «Adyň bu gün dünýä dolýar, türkmen medeniýetim, türkmen sungatym!» atly kitap sergisi bilen hem tanyşdylar. Sergide türkmen medeniýetine, sungatyna, milli mirasymyza hem-de meşhur medeniýet we sungat işgärleriniň durmuşyna bagyşlanan kitaplar, neşirler we maglumatlar giňden görkezildi.
     Duşuşygyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çärä aýratyn öwüşgin çaýdy. Sungat ussatlarynyň we talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren çykyşlary myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Milli aýdym-sazlarymyz çärä gatnaşanlarda watançylyk duýgularyny has-da berkitdi.
     «Medeniýet sungatyň mekanydyr bu Diýar» atly duşuşyk türkmen medeniýetiniň we sungatynyň baý mirasyny wagyz etmekde, ýaşlaryň medeni-döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmakda hem-de milli gymmatlyklarymyzy giňden tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.



Aýjahan ABALAKOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm