TÜRKMENISTANYŇ HÜNÄRMENLERI «C5+O.N.E.» MAKSATNAMASYNYŇ BÄŞINJI KOGORTASYNDA OKUWLARYNY TAMAMLADYLAR
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli bilim özgertmelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyzyň mugallymlarynyň we ugurdaş hünärmenleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak aýratyn ähmiýete eye bolýar. 2026-njy ýylyň 7-nji iýunynda dabaraly ýapylyş çäresi geçirilen «C5+Opening Networks through English» halkara bilim maksatnamasynyň bäşinji kogortasynyň gatnaşyjylarynyň okuwlaryny üstünlikli tamamlamagy we jemleýji taslamalaryny goramagy bu ugurdaky möhüm ädim boldy. Bu giň gerimli başlangyç Merkezi Aziýanyň bäş döwletini - Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýar. Taslama Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri tarapyndan durmuşa geçirilýär. Gatnaşyjy ýurtlaryň hünärmenleriniň okuwlary göni öz döwletlerinde geçýändigine garamazdan, bu taslama bitewi halkara platforma hökmünde çykyş edýär. Ol ykdysadyýet ulgamynda hünär iňlis dilini çuňlaşdyryp öwrenmäge, durnukly sebitara toruny döretmäge we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen topary üçin 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 2026-njy ýylyň 5-nji iýunyna çenli dokuz aýyň dowamynda dowam eden intensiw okuw tapgyry öňdebaryjy lingwistik we biznes-kompetensiýalary utgaşdyrmak çäklerinde özboluşly mümkinçilik boldy.
Akademiki taýýarlyk maksatnamasy düýpli çemeleşmesi bilen tapawutlanyp, dolulygyna «Ýörite maksatlar üçin iňlis dili» usulyna gönükdirilen 180 akademiki sagatdan ybarat boldy. Bu döwürde kursuň diňleýjileri biznesi meýilleşdirmek, maýa goýumlaryny çekmek we ylmy-barlag işlerini alyp barmak üçin zerur bolan hünär ykdysady terminologiýasyny öz içine alýan toplumlaýyn modullary özleşdirdiler. Okuw meýilnamasynda resmi resminamalary we analitiki synlary düzmek üçin akademiki ýazuw endiklerini ösdürmäge, şeýle hem çykyş etmek sungatyna aýratyn üns berildi. Amaly sapaklaryň çäklerinde gatnaşyjylar logiki basymyň we dogry intonasiýanyň aýratynlyklaryny jikme-jik işlediler, bu bolsa halkara bäsleşik meýdançalarynda innowasion ideýalary netijeli we ynamly tanyşdyrmak üçin örän möhümdir.
Dokuz aýlyk marafonyň baş netijesi uçurymlaryň ýöriteleşdirilen iňlis dilini ýokary derejede bilýändiklerini görkezen özboluşly pudagara taslamalaryň köpçülikleýin tanyşdyrylyşy boldy. Hödürlenen başlangyçlar bilim, sanlylaşdyrmak we akylly tehnologiýalary ornaşdyrmak ulgamyndaky möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallym-öwrenijisi Dunýagözel Almowowanyň işläp taýýarlan startap-taslamasynyň goralyşy kursuň amaly ähmiýetiniň aýdyň mysaly boldy. «Akylly şäher» konsepsiýasynyň çäklerinde döredilen bu taslama, Arkadag we Aşgabat şäherlerindäki awtobus duralgalary üçin interaktiw sanly tablolary ornaşdyrmak boýunça innowasion çözgüdi hödürleýär we alnan dil hem-de ykdysady bilimleriň şäher düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça anyk tekliplere öwrülmegini aýdyň görkezýär.
Maksatnamanyň ahyrynda halkara şahadatnamalary gowşurmak baradaky resmi dabarasy geçirildi. Bilim taslamasynyň ýokary statusy we abraýy resminamalara gol çeken resmi adamlaryň düzümi bilen tassyklanyldy. Uçurymlary ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud, Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleriniň Türkmenistandaky Ýerine ýetiriji direktory Oraztäç Ataýewa we «C5+O.N.E.» maksatnamasynyň direktory Ýuliýa Belosludsewa gyzgyn gutladylar we jemleýji işleriň çuňňur işlenilip taýýarlanandygyny hem-de olaryň amaly taýdan durmuşa geçirilmek mümkinçiliginiň ýokarydygyny bellediler.
Bäşinji kogortanyň üstünlikli uçurym bolmagy milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak baradaky döwlet wezipeleriniň ýerine ýetirilmegine gönüden-göni ýardam edýär. Özleşdirilen innowasion çemeleşmeler, döwrebap aragatnaşyk usullary we interaktiw oýunlar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna işjeň ornaşdyrylar. Toplanan tejribe halkara derejede Türkmenistanyň gazananlaryny we tehnologiki mümkinçiliklerini mynasyp görkezmäge ukyply bolan ýaş alymlaryň we hünärmenleriň taýýarlyk hilini ýokarlandyrmaga, Merkezi Aziýa sebitinde we onuň çäklerinden daşarda hünär gatnaşyklaryny berkitmäge mümkinçilik berer.
Dunýagözel ALMOWOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň mugallym-öwrenijisi.