Gymmatly Ýapon kitaplarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi


      Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik başlangyçlary durnukly ösdürilýär. Munuň özi ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny artdyrýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda guralýan şanly dabaralarda hem öz aýdyň beýanyny tapýar. Döwletara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze sepgitlere göterýän şeýle dabaralaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Muzeýinde guraldy. Bu ýerde “Read Japan” taslamasynyň çäginde ýapon neşirlerini we milli saz guralyny gowşurmak dabarssy geçirildi.  
     Dabaraly çärä gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi hem-de resmi wekiller konserwatoriýa geldiler. Ýokary derejeli myhmanlar bu ýerde medeniýet ojagynyň ýolbaşçylary tarapyndan mähirli we hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen garşylanyldy.
     Muzeýiň içinde guralan dabaraly pursatlar milli sazlaryň belent owazy bilen utgaşdy. Konserwatoriýanyň zehinli bagşylary tarapyndan ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym dabaranyň şatlykly ruhuny has-da belende göterdi. Ýokary derejeli myhmanlar bu ýerde ýörite gurnalan saz gurallarynyň sergisini hem uly gyzyklanma bilen synladylar.
      Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sasaki Hiroşi ylym, bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň durnukly ösdürilýändigini belläp, geljekde hem bu gatnaşyklaryň has-da rowaçlanjakdygyna ynam bildirdi.
       Soňra “Read Japan” taslamasynyň çäginde Ýapon halkynyň gadymy milli saz guraly bolan ŞAMISEN hem-de Ýaponiýanyň baý taryhy, ykdysadyýeti, medeniýeti we sungaty baradaky 12 sany gymmatly kitap konserwatoriýa gowşuryldy. Bu gymmatly sowgatlar talyplaryň we mugallymlaryň Ýaponiýanyň baý dünýäsi bilen has ýakyndan tanyşmaklaryna ajaýyp mümkinçilik boldy.
     Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bu täsirli pursatlar we sowgatlar üçin “The Nippon Foundation” Ýapon gaznasyna hem-de Ilçi Sasaki Hiroşä tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar. Şeýle hem ýaşlaryň kämil bilim almagyna we halkara dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýtdylar. Ýatda galyjy çäre dabaraly ýadygärlik surata düşmek pursatlary bilen tamamlandy.


Dünýägözel ALMOWOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň
 “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň 
mugallym-öwrenijisi

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm