Uçurymlar hünär başlangyjyny görkezdiler


      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Hor dirižýory” kafedrasynyň V ýyl talyplarynyň hasabat konserdi ýokary hünär ussatlygy we döredijilik derejesi bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu möhüm döredijilik çäresi ýaş dirižýorlaryň saz sungatyna bolan çuňňur söýgüsini, saz eserlerini duýmak we ýerine ýetirmek ukyplaryny giňden görkezmek bilen birlikde, olaryň sahna medeniýetini hem görkezdi.
        Konsertiň maksatnamasy saz sungatynyň baý we köpugurly dünýäsini özünde jemläp, dürli döwürleriň we halklaryň saz eserlerini öz içine aldy. Türkmen milli saz sungatynyň baý däp-dessurlary bilen bir hatarda, dünýäniň klassyk saz eserleriniň hem ýerine ýetirilmegi konsertiň aýratynlygyny görkezdi. Bu bolsa tomaşaçylara saz sungatynyň dürli ugurlaryny diňlemegiň we duýmagyň aýratyn mümkinçiliklerini berdi.
       Çykyş eden talyplaryň hersi özboluşly dirižýorlyk usuly, hor bilen işleşmek başarnygy we sahna medeniýeti bilen tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olaryň saz eserlerini çuňňur duýup, sazandarlaryň hem aýdymçylaryň ýerine ýetirişini sazlaşykly dolandyrmakdaky hünär ussatlygy aýratyn bellärliklidir.
      Konsertde Döwletgeldiýew Bagtyýar D. Nuryýewiň “Sen çölüň” atly eserine hem-de A. Wiwaldiniň “Gloria” kantatasyndan №1 bölümine direžýorlyk etdi. Onuň hünär mugallymy R. Orunowa bolup, sazandarlykda Aýgül Ýangybaýewa çykyş etdi. Bu eserler ýaş dirižýoryň saz sungatyna bolan çuňňur düşünjesini we saz eserleriniň ruhuny açyp görkezmek ukybyny aýdyň görkezdi.
        Täçmyradowa Aýsoltan P. I. Çaýkowskiniň “Не кукушечка во сыром бору” atly eserini hem-de D. Öwezow bilen Ýu. Meýtusyň “Leýli-Mejnun” operasyndan I sahnany ýerine ýetirdi. Bu çykyşda birnäçe zehinli ýaş solistler hem özleriniň aýdymçylyk ukyplaryny görkezmek bilen, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Talybyň hünär mugallymy Türkmenistanyň halk artisti, dosent G. Babaýew.
     Tagandurdyýewa Arzuw M. Blanteriň “Катюша” eserini hem-de W. Muhadow bilen A. Şapoşnikowyň “Zöhre-Tahyr” operasyndan jemleýji sahna ussatlyk bilen dirižýorlyk edip, tomaşaçylaryň ýürek buýsanjyna we gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Onuň dirižýorlyk usuly eserleriň ýürekden duýulmagyny üpjün etmegi bilen tapawutlandy.
         Şeýle hem, Jangeldiýewa Zilala rus halk aýdymynyň täsin owazlaryny ýaňlandyryp, A. Wiwaldiniň “Gloria” kantatasyndan “Cum Sanctus” bölümüniň täsirli ýerine ýetirilmegini gazandy. Bahramowa Jemal bolsa R. Allaýarowyň “Rus tokayy” eseriniň täsin owazlaryny hem-de J. Werdiniň “Trubadur” operasyndan sahnalaryň täsirli ýerine ýetirilmegi bilen öz başarnygyny görkezdi.
         Konsertiň jemleýji we iň täsirli çykyşlarynyň biri Bazaganowa Gülsenemiň dirižýorlyk eden F. Durante degişli “Танец” eseri hem-de D. Owezowyň “Dutaryň owazy” kantatasy boldy. Bu çykyş ýaş dirižýoryň hünär taýdan saz eserleriniň iň inçe jikme-jikliklerini hem açyp görkezmäge ukyplydygyny aňlatdy.
         Bu hasabat konserti, talyplaryň birnäçe ýylyň dowamynda alan bilimleriniň, yhlasly zähmetiniň we tejribesiniň netijesiniň aýdyň beýany boldy. Şeýle döredijilik çäreleri, ýaş hünärmenleriň sahna tejribesini artdyrmakda, milli we dünýä saz sungatynyň ösüşine goşant goşmakda hem-de geljekde belent sepgitlere ýetjek täze dirižýorlary taýýarlamakda örän möhüm ähmiýete eýedir. 



Ahmet JUMAKULYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
«Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby.


66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm