“Konserwatoriýanyň zehinleri - 2026” atly bäsleşik geçirildi


      “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen uly çäreler we bäsleşikler geçirilýär. 
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2026-njy ýylyň 6-9-njy maýynda konserwatoriýada okaýan talyplaryň arasynda “Konserwatoriýanyň zehinleri - 2026” atly bäsleşik geçirildi. Çekeleşikli geçen bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, ýaşlar öz başarnyklaryny görkezdiler hem-de emin agzalary tarapyndan adalatly bahalandyrylyp “Konserwatoriýanyň zehinleri - 2026” atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
     Bu bäsleşige jemi “Kompozisiýa” hünäri boýunça  iki sany III orun, iki sany hormat haty, “Sazşynaslyk” hünäri boýunça iki sany II orun, iki sany III orun we alty sany hormat haty, “Fortepiano” hünäri boýunça iki sany I orun, iki sany III orun, üç sany hormat haty, “Hor dirižýorlygy” hünäri boýunça I, II, III orun we üç sany hormat haty, “Halk saz gurallary” hünäri boýunça I, II, III orun we iki sany hormat haty, “Halk saz gurallary” (Akkordeon) hünäri boýunça iki sany III orun, “Türkmen sazy” hünäri boýunça I, II orun, iki sany III orun, iki sany hormat haty, “Kirişli saz gurallary” hünäri boýunça bir sany I orun, üç sany II orun, iki sany III orun we iki sany hormat haty, “Saz mugallymçylygy” hünäri boýunça bir sany I orun, iki sany II orun, iki sany III orun we iki sany hormat haty, “Estrada sungaty” hünäri boýunça bir sany I orun, iki sany II orun, iki sany III orun we bir sany hormat haty, “Estrada sungaty” (Wokal) hünäri boýunça bir sany II orun, bir sany III orun we iki sany hormat haty, “Ýekelikde aýdym aýtmak” hünäri boýunça bir sany I orun, iki sany II orun, iki sany III orun we üç sany hormat haty, “Bagşy” hünäri boýunça bir sany I orun, iki sany II orun, bir sany III orun we iki sany hormat haty, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäri boýunça iki sany I orun, bir sany II orun, üç sany III orun we üç sany hormat hatlaryna mynasyp boldular. Adalatly geçirilen bu bäsleşikde bäsdeş ýaşlara uly üstünlikler arzuw edildi.
        Biz ýaşlara okamaga, döretmäge, zehinlerimizi artdyrmaga şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän, medeniýetimize, sungatymyza uly üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin. Biz ýaşlar hem muňa jogap edip, okap, öwrenip, döredip, ýurdumyza gerekli ýaşlar boljakdygymyza söz berýäris.


Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm