“Bahar ylhamy” atly aýdym-sazly konsert geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary gurnalýar.
Ýakynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Bahar ylhamy” atly türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerinden düzülen konsert geçirildi.
Konsertiň dowamynda ussat kompozitorlar Türkmenistanyň halk artisti D. Hydyrowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan artisti S. Tüýliýewiň, K.Garowowyň, Ý.Aşyrowyň, J. Reýimowanyň, K. Jumagulyýewiň eserleri ýaňlandy.
Ýerine ýetirilen eserlerden “Saz mugallymy” kafedrasynyň hor topary kompozitor K. Garowowyň D. Annamyradowyň sözlerine döreden “Beýik ykbal Pyragy”; kompozitor D. Hydyrowyň G. Daňatarowyň sözlerine döreden “Bagyş et maňa”, şahyr G. Şagulyýewanyň sözlerine döreden “Dillerde dessanym, gel”; S. Tüýliýewiň “Ezizim”; J. Reýimowanyň “Sen gelersiň”, “Ýagyşly säher”; Ý. Aşyrowyň “Men seni ýatlamda”; K. Jumagulyýewiň “Türkmen bedewi” eserleri konsertiň täsirliligini has-da artdyrdy.
Ussat kompozitorlaryň döredijiliginden düzülen konsertler kompozisiýa, şeýle hem saz sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu diňe bir aýdym-sazly konsert bolman, eýsem, ýaş nesilleriň şeýle halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.
Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň döredijiligini, olaryň döreden eserlerini öwrenmek boýunça döwlet derejesinde döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýtdylar.
Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyb.y
