Goşa baýram, goşa toý!
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydyr. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda ýurdumyz ýaşyl tuguň astynda abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar, özüniň iň täze taryhyny döredýär. Türkmenistanyň döwlet baýdagy türkmen milletiniň geçmişini şu gününi hem-de geljegi bilen baglanyşykly özara sazlaşyklary şöhlelendirýändigi bilen tapawutlanýar. Döwlet baýdagynyň esasynda milli däplerimiz goýlandyr. Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň ýaşyl reňki biziň ýurdumyzyň tebigatyny, ýaşaýşyň reňkini aňladýar, bäş sany göl bolsa, bäş welaýatymyzy aňladýar. Bäş gölüň aşagyndaky zeýtun ýapragy bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylyk nyşanydyr. Aý bilen ýyldyzlar asmanymyzyň asudalygyny we bäş welaýaty şekillendirýär. Bu gün dünýä halklary jennetli mekana öwrülen eziz watanmyzyň ýaşyl baýdagyna haýran galmak bilen garaýarlar. Ginnesiň (rekordlar) bütindünýä kitabyna girizilen 133 metr belentlige galdyrylan döwlet baýdagymyzyň möçberi 52,5 we 35 metre barabar bolup, onuň agramy 420 kg-dyr. Dünýädäki iň beýik baýdak sütünleriniň biridir, uzynlygy 133 metr bolup, türkmenistanyň belent sütünli baýdak meýdançalarynda baýramçylyk dabaralary uly şatlyk-şowhuna beslenip yzygiderli geçirilýär. Belentlikde parlaýan türkmen tugy halkymyzyň belent sepgitlere tarap ynamly barýandygyny äleme buşlap, il agzybirliginden, asudalygyndan habar berýär we bäş müň ýyllyk taryhly türkmen halkymyz baýdagymyza mukaddeslik hökmünde togap edýär. Onuň öňünde baş egýär. Halkymyzyň buýsanjy bolan ýaşyl tugumyz bu gün döwrüň depesinde parlap, goja zeminiň ähli halkyny parahatçylyga agzybirlige çagyrýar. Çünki döwlet baýdagymyz watanyň ähli gymmatlyklaryny özünde jemleýär.
Şu günlerde ýurdumyzyň dürli ýerlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň günini mynasybetli baýramçylyk dabaralary we ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär. Şeýle maslahatlaryň biri ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem "Türkmenistanyň baş kanuny we döwlet baýdagy mizemezdir" ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş eden mugallymlar we talyp ýaşlar türkmen döwlet baýdagynyň we konstitusiýasynyň mizemez mukaddesligi hakynda hem-de döwletimizde dünýä ýüzünde onuň tutýan orny dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Bu günki gün ýaşyl Tugumyzyň dünýäniň ähli künjeginde, birleşen milletler guramasynyň belent binasynyň öňünde pasyrdap durmagy her bir türkmende buýsanç duýgusyny döredýär. Al-asmanda pasyrdaýan baýdagymyza buýsançly bakyp, onda halkymyzyň şöhratly geçmişini, häzirki bagtyýarlyk zamanyny, aýdyň geljegini görýäris. Biz oňa, ýerini başga hiç bir zat bilen çalşyryp bolmaýan mukaddeslik hökmünde tagzym edýäris. Ine sanlyja günlerden, has takygy maý aýynyň 18-ne agzybir türkmen halkymyz “Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň günini” uly ruhubelentlik bilen belläp geçer.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň asudalygy, parahatçylygy hakynda alada dünýä ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Şamämmet HALLYMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk”
hünäriniň I ýyl talyby.