Welimuhammet Muhadow baradaky ýatlama duşuşygy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen medeniýetimize we sungatymyza ýokary derejede üns berilýär. Ussat sazandalarymyz türkmen kompozitorlarynyň eserlerini, sazlaryny konsertlerde ýerine ýetirip, olary halk köpçüligine ýetirýärler. Ýakynda şeýle çäreleriň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat kompozitor Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýewiň alyp barmagynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbini tutujylaryň biri Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň döredijiligi bilen bagly ýatlama duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşygyň dowamynda "Kompozisiýa we gurallama" kafedrasynyň uly mugallymy sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Suhan Tüýliýew özüniň halypasy hakynda, onuň bilen geçen gyzykly halyp-şägirtlik gatnaşygy dogrysynda ýaşlara täsirli gürrüňleri berdi.
Welimuhammet Muhadow – SSSR-iň we Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň döwlet we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýraklarynyň eýesi, Sosialistik zähmetiň Gahrymany, professor, ilkinji meşhur professional türkmen kompozitory. Onuň ýaşlyk ýyllary, saza gelişi, saz sungatynda geçen ýoly barada halypa mugallym ussadyň öz dilinden eşiden wakalaryny gürrüň bermek bilen çäräni dowam etdi. Şeýle hem onuň döredijiligine žanrlar boýunça ýüzlenmek bilen, opera, simfoniýa we kamera-wokal eserlerine ylmy tarapdan seljermeler berdi. Kompozitoryň "Meniň watanym" atly simfoniki poemasynyň türkmen simfoniki sazynda eýeleýän wajyp orny dogrysynda, bu eseri özlerine nusga edinip döredilen başga-da birnäçe simfoniki eserler barada gyzykly wakalary dile getirdi. Eseriň birnäçe ýyl mundan ozal ýazga geçirilen nusgasyny diňletmegi aýdylan we getirilen mysallaryň has hem ýatdagalyjylygyny artdyrdy.
Konserwatoriýanyň uly mugallymy Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewa we uly mugallym M. Myratgeldiýew halypa kompozitor Weli Muhadowyň eserlerinden birnäçesini ýokary derejede ýerine ýetirip berdiler.
Şeýle geçirilýän duşuşyklar talyp ýaşlar üçin görelde mekdebi bolup durýar. Duşuşygyň ahyrynda halypa kompozitor Suhan Tüýliýew we talyplar ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, dünýäniň uly sahnalarynda çykyş etmegi, türkmen kompozitorlarynyň eserlerini öwrenmekde we olary dünýä ýaýmak maksady bilen döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Guwanç HALLYÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň III ýyl talyby.