SUNGAT ÄLEMINDE DUŞUŞYK


   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamy täze belentliklere göterilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň konsert çykyşlaryny geçirmek eýýäm birnäçe ýyllar bäri asylly däbe öwrildi. Şeýle konsertleri geçirilmegi ýaşlaryň öz ugurlaryndan öňegidişlikleri gazanmagy üçin oňyn netijelerini berýär. 
      Ýakynda şeýle konsertleri biri Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Geçirilen çäräniň maksady ýaş sazandalaryň zehinini açyp görkezmek, tejribe alyşmak we milli aýdym-saz mirasymyzy wagyz etmekden ybarat boldy. 
       Konsertiň maksatnamasy gaty baý we dürli göwrümli eserlerden bolup, ol milli äheňler bilen dünýä nusgawy aýdym-sazlaryny özünde jemledi. Dabara “Galkynýar siz bilen iller Arkadag” diýen joşgunly aýdym bilen açylyp, tomaşaçylar köpçüliginiň watançylyk ruhuny ýokary göterdi. Maksatnamada ýer alan eserlerden meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedow “Şükür bagşy” kinofilmine ýazan sazyndan parçalary, wenger kompozitory Ferens Listiň “Wenger rapsodiýasy” we belli rus kompozitory Sergeý Rahmaninowyň “Prelýudiýa” eserleri diňleýjiler üçin has-da täsirli boldy. 
    Ýaş ýerine ýetirijileriň “Şasenem-Garyp” dessanyndan aýdyşyk aýdymyny we dutarçylar ansambly “Maýagözel” türkmen halk sazyny ýokary derejede ýerine ýetirendikleri aýratyn bellenilmelidir. 
      Konsertiň ahyrynda “Watanym Türkmenistan” we “Watanym” eserlerini hor toparynyň halk saz gurallar orkestriniň sazlaşygynda ýerine ýetirmegi watanymyzyň ösüşlerine ýürek buýsanjy hökmünde ýaňlandy. 
       Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň uly sahnalarda halypalar bilen birlikde  çykyş edip, öz başarnyklaryny görkezmeklerine döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.



Rahatberdi SAPAROW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň I ýyl talyby.




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm