Talyp kompozitoryň awtorlyk konserti geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan - Bedew batly at myradyň mekany ýylynda ýurdumyz belent maksatlara we uly ösüşlere beslenýär. Milli medeniýetimiz we sungatymyz hem täze zehinler bilen baýlaşmagyny dowam edýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby Aýläle Gulmuradowanyň awtorlyk konserti geçirildi.
Konserdiň başynda "Kompozisiýa we Gurallama" kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowowa uly hormat bilen söz berildi. Konsertiň meýilnamasy mazmun taýdan örän baý bolup, ol nusgawy şahyrlarymyzyň pelsepewi garaýyşlary bilen häzirki zaman kompozitorçylyk ukybynyň ajaýyp sazlaşygyny görkezdi. Gözbaşyny Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyndan alýan “Ili gözlär” aýdymy Wepa Allaşowyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren owazlary, awtoryň özi tarapyndan sazandarlyk edildi hem-de türk dilinde terjime edilen “Muhtaç eýleme” aýdymy Läle Arazdurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde Laçyn Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde diňleýjilere ýetirildi. Bu eser ýaş kompozitoryň halkymyzyň ruhy mirasyna bolan çuňňur hormatyny aýdyň görkezdi. Konsertde Jennet Meredowanyň sözlerine düzülen “Ejem eken...” atly aýdym aýratyn orun aldy. Selbinýaz Ataýewanyň belent owazynda ýaňlanan bu eser, her bir ynsanyň mukaddeslik saýýan enä bolan çäksiz söýgisiniň sazlaşykly beýanyna öwrüldi. Şeýle-de, Gara Seýitliýewiň sözlerine düzülen “Şahyrym” atly aýdymy Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň uçurymy Näzli Pirkulyýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetirdi, Gurbannazar Ezizowyň kalplary joşdurýan “Çeşmäm” aýdymy Ýusup Ataýewyň ýerine ýetirmeginde Abadan Meredowanyň sazandarlyk etmeginde diňleýjilere ýetirildi.
Aýläle Gulmuradowa diňe bir aýdym ýazmak bilen çäklenmän, eýsem fortepiano üçin ýazan çylşyrymly eserleri bilen hem özüniň hünär başarnygyny görkezdi. 6 sany miniatýuradan ybarat fortepiano üçin toplumy Täzegül Jumaýewanyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanyp, gysga emma manyly saz pursatlaryny döretdi. Güljan Öwezowanyň ýerine ýetirmeginde Tema we onuň wariasiýalary klassyky formanyň döwrebap öwüşginlerini diňleýjilere ýetirdi. Bu eserler ýaş kompozitoryň saz gurallarynyň dilini gowy bilýändigini we çylşyrymly kompozitorçylyk tärlerini başarjaňlyk bilen ulanýandygyny görkezýär.
Konserdyň dowamynda ýaş kompozitoryň halypasy Türkmenistanyň halk artisti ussat kompozitor Daňatar Hydyrow söz sözläp ýaş hem bolsa işjeňlik bilen zähmet çekýän şägirdi barada aýdyp geçdi we oňa döredijilik äleminde mundan beýläk hem uly üstünlikleri arzuw etdi.
Konsertiniň ahyrynda Osman Aşyrowyň sözlerine düzülen “Watanym” atly aýdymy watanymyzy ösüşleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşnama bolup ýaňlandy.
Konsertyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimiziň we saz sungatymyzyň ösmegine, pederlerimizden miras galan gymmatly mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegine we dünýä ýaýylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur minnetdarlyk we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Röwşen ŞAMYRADOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.
