Halypa kompozitoryň 115 ýyllyk ýubileýi


     Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Türkmen sungatynda yz galdyran halypalaryň we sungat ussatlarynyň sarpasy has-da belentde tutulýar.
  Ýakynda  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutyjylaryň biri ussat kompozitor Dañatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi.
      Dabaraly çäre "Kompozisiýa we gurallama" kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowowyň çykyşy bilen başlandy. Ol öz çykyşynda halypa kompozitoryň türkmen saz sungatynyň kemala gelmeginde bitiren işleri, onuň eserleriniň many-mazmuny we çeperçilik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. K. Garowowyň täsirli gürrüňleri konserte gatnaşyjylarda kompozitoryň döredijilik dünýäsine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy.
     Konsert Dañatar Öwezowyň dürli žanrlardaky nusgawy eserleri bilen dowam etdi. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" atly bäsleşiginiñ ýeñijileri Arzygül Gylyjowanyň we Maýa Orazberdiýewanyň ýerine ýetiren "Şasenem-Garyp" operasyndan parçalary, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dueti, "Aýdym sungaty" hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hoşgeldi Hudaýkulyýewiň ýerine ýetiren "Leýli-Mežnun" operasyndan ariýasy, diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy. 
Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" atly bäsleşiginiñ ýeňijisi Begenç Gaýypowyň konserwatoriýanyň hory bilen bilelikde ýerine ýetiren "Leýli-Mejnun" operasyndan "Güneşli gün" eseri şeýle-de, "Dutaryň owazy" atly eseri milli sazlarymyzyň kompozitorçylyk döredijiligindäki ähmiýetini ýene bir gezek subut etdi.
     Dabaraly geçen konserte halypa mugallymlar, talyp ýaşlar bilen birlikde myhman bolup ussat kompozitoryň nesilleriň, gyzlarynyň we agtyklarynyň gatnaşmagy ýatda galyjy pursatlary döretdi. Halypanyň gyzlary Aýna we Aýlar Öwezowalaryň öz kakalarynyň durmuş ýoly we sungata bolan çäksiz söýgüsi barada gürrüň bermekleri bu ýere ýygnananlar üçin iň bir täsirli pursatlary döretdi. 
Bu çäre türkmen sazynyň düýbüni tutan beýik şahsyýetlerimiziň ýatlanylmagynyň we olaryň mirasynyň ebediliginiñ nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
    Ajaýyp aýdym-sazlar bilen bezelen bu döredijilik konsert diňleýjileriň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutyjy Dañatar Öwezowyň miras galdyran eserleri diňe bir geçmişiň gymmatlygy däl, eýsem şu günüň we geljegiň hem egsilmez ruhy hazynasydyr. Saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýan Dañatar Öwezowyň döredijilik ýoly häzirki günde ýaş nesiller üçin hakyky ussatlyk mekdebi bolup durýar.
  Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen  medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, milli mirasymyzy dikeltmekde hem-de ony geljekki nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. 
           
Göwher AGAGELDIÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň  
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm