Weli Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlap ylmy-amaly maslahat geçirildi
Milli sungatymyzyň ösmeginde özüniň uly goşantlaryny goşan meşhur sungat ussatlarymyzyň hatyrasy bu günki günlerimizde-de has-da belent tutulýar. Şeýle sungat ussatlarynyň biri hem W. Muhatowdyr. Ol türkmen opera sungatynda aýratyn orny eýeleýän kompozitordyr. W. Muhadowyň döreden ajaýyp eserleri häzirki wagtda hem ýaş nesillerimiz üçin görelde bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylymyzda ussat kompozitora goýulýan uly hormatyň nyşany esasynda W. Muhadowyň döredijiligine bagyşlap, Türki medeniýetiniň halkara guramasy bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahaty Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (Türksoý) başlygy Sultan Raýewiň türkmen milli sungatynyň ussat kompozitory W. Muhadowyň döredijiligi hakynda täsirli çykyşy bilen açyldy.
Soňra M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R. Amangeldiýewe söz berildi. R. Amangeldiýew: “W. Muhadow birnäçe ýyl bäri türkmen saz sungatynyň aýrylmaz bölegine öwrülen şahsyýet. Onuň döredijiligi özüniň milliligi bilen tapawutlanýar. Elbetde, kompozitoryň eýýäm çagalyk ýyllaryndan başlap, iň bir tanymal halypa bagşy-sazandalary olaryň öýlerinde bolup, halk aýdym-sazlary bilen tanyşmagy, gelejekde onuň şeýle beýik eserleri döretmegine täsir etdi. W. Muhadowyň her bir eserinde türkmen halypa bagşy-sazndalarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň heňini, gymmatlygyny, taryhyny yzarlamak bolýar. Biziň Türkmen milli konserwatoriýamyzda-da W. Muhadowyň eserleri her bir sazandanyň, sazşynasyň ýan kitabyna öwrülen eserler bolup durýar ” – ýaly ýatlama sözleri bilen ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.
Ylmy-amaly maslahat başga-da many-mazmuna ýugrulan çykyşlar bilen dowam etdi. Muňa mysal edip: M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýanyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uly mugallymy, kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S. Tüýliýewiň “W. Muhadowyň türkmen professional sazyndaky orny”, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G. Ýazmämmedowanyň “W. Muhadowyň aýdym döredijiligi”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ý. Osipowanyň “W. Muhadowyň döredijiliginde watançylyk temasy”, “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor, uly mugallym K. Garowowyň “W. Muhadowyň döredijiliginde simfoniki eserleriň ähmiýeti”, D. Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy S. Baýryýewanyň “W. Muhadowyň Ganly saka oparasynda halk sazly dramasynyň žanr aýratynlygy”, “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy E. Nuryýewanyň “W. Muhadowyň fortepiano döredijiligi”, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G. Ataýewanyň “W. Muhadowyň simfoniki eserlerinde halk çeşmeleri”, M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti, W. Muhadowyň şägirdi M. Toýlyýewiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi B. Annamyradowyň täsirli çykyşlaryny görkezmek bolar.
Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlardan başga-da, A. Atajanowyň sözlerine, W. Muhadowyň sazyna M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy R. Baýramowyň ýerine ýetirmeginde, Medina Öwülýagulyýewanyň sazandarlyk etmeginde “Ilki söýgim nirde sen” aýdymy we A. Haýydowyň sözlerine, W. Muhadowyň sazyna, “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymy M. Orazberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde, M. Orazowanyň sazandarlyk etmeginde “Jan Türkmenistan” ýaly ajaýyp aýdym sazlar hem ýaňlandy.
Türkmen sungatynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrundaky alyp barýan işleri, tagallalary üçin türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Aýnur NURYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.