Garaşsyz diýaryň badynda bedew
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş berýän eşretli zamanasynda halkymyzyň aýdyma-saza, orkestr konsertlerine bolan islegi günsaýyn artýar. Bu ugurda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki, kamera, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, halk saz gurallary, estrada orkestrleri mynasyp işleri alyp barýarlar.
Ýaňy-ýakynda konserwatoriýanyň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestr topary mugallym Şirhan Batyrowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň öňdebaryjy okuw jaýlary bolan Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde şeýle hem S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy baýramy mynasybetli “Garaşsyz diýaryň badynda bedew” atly konsert geçirildi. Konsertde türkmen halk sazlary bilen bilelikde dünýä belli daşary ýurt sazlary hem ýaňlandy. Orkestriň ýerine ýetirmeginde konsertiň açylyşyna türkmeniň ussat kompozitory Çary Nurymowyň “Çapyksuwaryň aýdymy” eseri bilen badalga berildi.
Konsertde göreldeli talyplar Mähri Mürrikowa we Maýsa Gurbanowa hem dirižýorlyk etdiler. Okuw jaýynda talyplar döredilýän mümkinçiliklerden dogry peýdalanýarlar. Konsertiň dowamynda okuw jaýynyň II ýyl talyby Söhbet Ergeşowyň naý saz guralynda, V ýyl talyby Serdar Tagandurdyýewiň nagara saz guralynda ýerine ýetiren eserleri diňleýjileriň has hem ünsüni çekdi. Şeýle hem azerbaýjan halk aýdymlary, rus we iňlis kinofilmleriniň sazlary gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” kafedrasynyň talyplary hünärlerinden başga-da aýdym aýtmak bilen hem meşgullanýarlar. Olardan Baýramgül Ahmedowanyň we Meýlis Annamuhammedowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlar konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň ahyrynda orkestr türkmen halk sazy “At çapan” eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Pursatdan peýdalanyp, gatnaşyjylar we diňleýjiler sungatymyzyň we medeniýetimiziň hak howandarlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
Gülzada MEREDOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Üflenip we kakylyp çalynýan saz
gurallary” hünäriniň I ýyl talyby.
