“Uçurym - 2026” konserti
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen barha öňe barýar.
Her ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymlary ýerine ýetirijilik hünäri boýunça öwrenen ajaýyp sazlaryny diňleýjilere ýetirmek, hünär we ukyp-başarnyklaryny görkezmek maksady bilen konsert geçirýärler.
Şeýle konsertleriň biri Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň uludan toýlanjak 2026-njy "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany" ýylynda “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” hünäriniň uçurymlary Kuwwat Orazowyň, Akmyrat Kadyrowyň goboý saz guralynda ýerine ýetirmeginde "Uçurym - 2026" ady bilen geçirildi. Konsertde uçurymlaryň ýerine ýetirmeginde, N. Bagirowanyň sazandarlyk etmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Kuwwat Orazow G. Denikunyň “Хора стаккато”, R. Rejepowyň Konsert 3-nji bölümini, P. Çaýkowskiýiň “Ария Ленского”, A. Paskulliniň "Гранд концерт"; Akmyrat Kadyrow Suhan Tüýliýewiň "Pendi nagmalary", R. Şuman Pýesa, L. Lebrunyň Konsert 1-nji bölümini, S. Taneýewiň "Introduksiýa we skerso" eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda joşgunly, ajaýyp sazlary ýerine ýetiren uçurymlaryň halypasy Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradow mugallymlara, talyplara, diňleýjilere durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi.
Konsertde çykyş eden uçurymlara we mugallymlara aýdym-saz äleminde uly-uly üstünlikler ýar bolsun! Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.
Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
