Wokal aýdymlaryň konserti


      Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda, "Ýekelikde aýdym aýtmak" kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Laçyn Abdulrahimowanyň wokal aýdymlarynyň konserti boldy.
        Konsertiň dowamynda türkmen we dünýä nusgawy kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Laçyn özüniň üýtgeşik sesi we ýerine ýetiriş ukyby bilen dürli žanrlardaky eserleriň çuňlugyny açyp görkezmegi başardy. A.Alýabýew – "Soloweý", N. Halmämmedow – "Ýagma bulut", E.Grig – "Solweýgiň aýdymy", A.Dargomyžskiý – "Ýunoşa u dewa", D.Öwezow we A.Şapoşnikow – "Şasenem-Garyp" operasyndan "Şasenemiň ejesine ýalbarmagy" ýaly birnäçe eserleri ýerine ýetirdi.
       Talybyň zehininiň kämilleşmeginde onuň halypalarynyň hyzmaty diýseň uludyr. Konsertiň ýokary derejede geçmeginde hünär mugallymy Göwher Kakabaýewanyň beren tälimleri we sazandarlyk eden Bägül Muhammedowanyň ussatlygy aýdyň duýuldy. Saz bilen sesiň sazlaşygy her bir eseriň täsirini has-da artdyrdy.
       Laçyn Abdulrahimowanyň bu konserti diňe bir okuw meýilnamasynyň bir bölegi bolman, eýsem, ýaş zehiniň geljekde uly sahnalara taýýardygynyň subutnamasy boldy. Diňleýjileriň şowhunly el çarpyşmalary talybyň zähmetine berlen iň ýokary bahadyr.
      Konsertiň ahyrynda ýaş zehin özüniň sungat ýolunda goldaw beren ähli halypalaryna we bu şatlykly gününi paýlaşmaga gelen myhmanlara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. Ýaş aýdymçynyň her bir eseri ýerine ýetirendäki yhlasy we sahna medeniýeti diňleýjileriň göwnünden turdy. Biz hem Laçyn Abdulrahimowa geljekde türkmen aýdym-saz sungatyny has-da belentlere götermegini, täze-täze döredijilik üstünlikleriniň hemra bolmagyny arzuw edýäris. Goý, sesiňiziň owazy hemişe belentden ýaňlansyn!



Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm