Halypa artist bilen ,,Sahnada janlanan keşpler!’’ atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy


      Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýasy,ykdysady,medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly işler alnyp barylýar. Şeýle işlerden ugur alyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.Bu geçirilen döredijilik duşuşygyna ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda ussat artistiň türkmen teatr we kino sungatynyň ösüşine goşan saldamly goşandy, şeýle-de onuň döreden gaýtalanmaz keşpleri barada söz açyldy.
     Duşuşygyň başynda halypa artistiň ömri we döredijilik ýoly barada taýýarlanan widio ýazgy diňleýjiler üçin hasda täsirli boldy.Öwez Gelenow duşuşygyň dowamynda talyplara özüniň sungat ýolundaky ilkinji ädimleri, halypalaryndan öwrenen tejribeleri we sahna ussatlygynyň syrlary barada içgin gürrüň berdi. Duşuşygyň iň tolgundyryjy we täsirli pursady ussat artistiň öz döreden ,,Döneýin” atly aýdymyny,, Bagşy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nurmämmet Orazmammedow hem-de ,,Fortepiano” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Daýanç Gutlyýewiň sazandarlyk etmeginde  ýerine ýetirip bermegi boldy. Diňleýjiler Öwez aganyň özüne mahsus bolan ýakymly owazy we kalba ornaşýan çykyşyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Mundan başga-da halypa öz döreden ,,Ykbalym”, ,,Meňzeýäň” atly aýdymlarynyň döreýşi barada gyzykly gürrüňleri berdi. Soňra ,,Saz mugallymy” hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow öz düzen goşgusyny Öwez Gelenowa okap berdi. Halypa artist ýaş zehiniň goşgusyny üns bilen diňläp, onuň goşgy okamak ukybyna we döredijiligine ýokary baha berdi. Halypa, talyba geljekde-de öz ukybyny ösdürmek,sözüň we sazyň inçe syrlaryna has çuň aralaşmak barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Soňra döredijilik duşuşygy Öwez Gelenowyň öziniň ýerine ýetirmeginde öz döreden ,,Meňzeýäň” atly aýdymy bilen dowam etdi.  Duşuşygyň dowamynda talyplar Öwez Gelenowyň döredijiligi barada özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypa ýüzlendiler.Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda talyplar ussat halypanyň beren gymmatly maslahatlary üçin minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle duşuşyklar geljekki sazandalaryň,sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we milli medeniýetimize bolan söýgüsini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
    Biz ýaşlara okamaga ,öwrenmäge, döretmäge, şeýle döredijilik duşuşyklary geçirmäge uly mümkinçlikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.


Mergen ASDANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
"Türkmen sazy" hünäriniň II  ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm