Gadymy dünýäniň saz medeniýetine syýahat


       Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeliginiň çäklerinde geçirilen çäreler özüniň ylmy mazmuny bilen tapawutlandyryldy.
   Hepdeligiň çäklerinde  guralan “Gadymy dünýäniň saz medeniýeti” atly ylmy tegelek stol taryhyň dürli döwürleriniň saz sungatyna täzeçe garaýyşlar hödürledi. Tegelek stoluň dowamynda "Sazşynaslyk" hünäriniň I-nji ýyl  talyplary  tarapyndan taýýarlanylan prezentasiýalar dünýäniň dürli künjekleriniň gadymy saz taryhyny öz içine aldy. Çykyşlarda esasan Mesopotamiýanyň, gadymy Assiriýanyň we Eýranyň saz medeniýeti baradaky ylmy seljermeler, bu sebitleriň adamzat taryhyndaky saz gurallarynyň we nota ýazuwlarynyň gözbaşy hökmünde tutýan ornuny görkezdi. Arap saz medeniýetiniň özboluşlylygy we Özbek saz sungatynyň baý taryhy kökleri barada gadymy Türkmen medeniýeti hakynda gyzykly maglumatlar paýlaşyldy. “Sazyň taryhy” kafedrasynyň  uly mugallymy A. Açylowyň ýolbaşçylygynda geçen bu duşuşyk, talyplara diňe bir taryhy öwrenmek däl, eýsem dürli medeniýetleriň saz arkaly birleşýän umumylyklaryny seljermäge hem mümkinçilik berdi. Çykyşlarda ulanylan gadymy saz gurallarynyň suratlary we ses ýazgylary çäräniň ylmy gymmatyny has-da artdyrdy.
    Tegelek stol talyplaryň ylmy-gözleg ukyplaryny giňeltmek we olarda dünýä saz mirasyna bolan sarpany kemala getirmek ugrunda uly ädim boldy. Bu medeni çäre, taryhy kökleri öwrenmegiň häzirki zaman sazşynaslygy üçin nähili möhümdigini ýene bir gezek görkezdi.



Hudaýguly HANOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm