Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, sazşynas Öwezmyrat Gandymowyň sazşynas talyplar bilen duşuşygy
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary gurnalýar.
2026-njy ýylyň 13-18-nji apreli aralygynda “Sazyň taryhy” kafedrasynyň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň üçünji güni Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, sazşynas Öwezmyrat Gandymowyň sazşynas talyplar bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda Ö. Gandymow özüniň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Daşkent konserwatoriýasynda alan hünärleri, şol wagtlardaky ýatlamalary barada gyzykly gürrüň berdi. 1966-njy ýylda Pürli Saryýew adyndaky Türkmen döwlet halk saz gurallary orkestriniň artisti bolup işe başlap, şol orkestrde A. Jülgäýew, G. Kulyýew, S. Mämiýew, A. Öwezow ýaly ussat ýerine ýetirijiler bilen bile işläpdir. Şol döwürlerde ilkinji gezek halk sazlaryny we mukamçy kompozitorlaryň sazyny nota geçirmeklige başlapdyr. Häzirki wagta çenli mukamçy kompozitorlaryň eserleriniň we halk aýdym-sazlaryň 300-den gowragyny nota geçiripdir. Halypa Ö. Gandymow sazçylyk mekdeplerde, ýörite sungat mekdeplerinde, konserwatoriýada okadylýan okuw derslerinde wajyp bolan 50-den gowrak halk sazlaryny täzeden işläpdir. Özüniň döreden sazlarynyň sazçylyk mekdeplerinde, ýörite sungat mekdebinde konserwatoriýada has giňden ulanylmagy baradaky arzuwynyň hasyl bolandygyny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp “Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri B. Ýakubowanyň Türkmen telewideniýesiniň işine girişmekligine sebäp bolanlygyny we diňleýjileriň arasynda mugallyma özüniň minnetdarlyk sözlerini bildirdi. Halypa Ö. Gandymow birnäçe kitaplaryň awtory. Şeýle hem onuň türkmen medeniýetiniň we sungatynyň dürli meseleleri dogrusynda 150-den gowrak makalalary gazet-žurnallarda çap edilipdir.
Dünýä saz medeniýetinde dörän, ösen, kämilleşen, biziň eýýamymyzyň VI asyryndan başlap, tä XVI asyra çenli halkyň ruhy we estetiki taraplaryna hyzmat edip gelen Gündogaryň 12 sany mukamy barada giňişleýin maglumat berdi. Umumy Gündogar mukamçylyk sungatynyň kämilleşmeginde türkmen medeniýetiniň mynasyp goşandynyň bardygyny belledi. Mukamçylyk sungatynyň düýbüni tutujy Barbat Merweziniň Türkmenistanyň Mary welaýatynda ýaşanlygy muňa şaýatlyk edýär. Halypanyň Türkmen mukamlary baradaky çykyşy täsirli prezentasiýa bilen utgaşdyryldy.
“Sazyň taryhy” kafedrasynyň müdiri, uly mugallym B. Ýakubowa we R. Ataýewiň gurnamagynda geçirilen duşuşyk biz sazşynas talyplar üçin nusga alarlyk mekdep boldy. Ussat halypa kompozitorlar bilen geçirilýän şeýle duşuşyklar sazşynaslyk ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu duşuşyk halypanyň döredijiliginden ylham almaklykda, öwrenmeklikde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Duşuşygyň ahyrynda diňleýji talyp ýaşlar halypa kompozitorlar bilen duşuşyklary geçirmäge, olaryň döredijiligini öwrenmek boýunça döwlet derejesinde döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ogulbeg ÝEGENOWA ,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
