Ömrümiň bentleri


       Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuşynda taryhy özgerişlere beslenýän tutumly  işler alnyp barylýar. Döwletli Diýarymyzda milli medeniýetimiz we sungatymyz ösüşiň täze belentliklerine göterilip, jemgyýetiň agzybirligini  we bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge uly ýardam berýär. Milli medeniýetimiziň  we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, döwrebap eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. 
    Sungatyň dürli ugurlary boýunça döredijilik adamlary döwletimiziň abraýynyň artmagy ugrunda  nusgalyk işleri bitirýärler. Olaryň döreden eserleri ýaş nesliň kämil düşünjeli bolmagynda bahasyna ýetip bolmajak mekdepdir. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Ýaşlar baýragynyň eýesi, tanymal kompozitor Suhan Tüýliýew şol mekdebiň öňdebaryjy wekilleriniň biri. Kompozitoryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy medeniýetine özboluşly goşant goşýar. Kompozitoryň aňyýet aýratynlyklary – milli heňiň äheň, perde, kakuw aýratynlyklaryny häzirki zaman ýazuwynyň üsti bilen dürli usullarda utgaşdyrmak, onuň beýanynyň köpdürlüligi bolup durýar. 
    Düyn  Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Suhan Tüýliýewiň 70 ýyllyk ýubileýi uly dabara bilen bellenilip geçirildi. Bu ugurda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan kompozitoryň döredijiligine bagyşlanyp, “Ömrümiň bentleri” atly konsert geçirildi. Konsertiň açylyşynda simfoniki orkestriň ýerine ýetirmeginde “Bentler” atly simfoniki orkestr üçin poemasy dabaraly  ýaňlandy. Orkestre Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirow dirižýorlyk etdi. Konsertiñ dowamynda kompozitoryň gyzlaryna bagyşlap döreden “Uzuklar” eseri, fleýta, goboý, klarnet, skripka hem simfoniki orkestr üçin sazly rowaýaty jadylaýjy äheňi bilen diňleýjileri haýrana goýdy. Konsertde Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň ýerine ýetiren “Ýeldim tut!” aýdymy gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Goşgusy Gülşirin Hanowa  degişli bolan “Nejoldy?” aýdymy bolsa kompozitoryň döredijiliginiň köptaraplylygyny açyp görkezdi. Konsertiň ahyrynda ýerine ýetirilen  tenor, hor, gargy tüýdük, gopuz hem orkestr üçin “Döwletli döwran” kantatasy ýylyň şygaryna kybapdaş bolup, batly gadamlar bilen ajaýyp jemlenmä öwrüldi. Konserde gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň  hak howandary Gahryman Arkadagymyza , Arkadagly  Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny  aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly  Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini  tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.


Orazbagt ARSLANOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli 
konserwatoriýasynyň “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.




66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm