“Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygy geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler, aýdym-sazly we döredijilik duşuşyklary gurnalýar.
“Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginde şol kafedranyň uly mugallymy M. Saparmyradowanyň gurnamagynda D. Öwezowyň 115 ýaş ýubileýine bagyşlanan “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygy geçirildi.
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby A. Abalakowa Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezowyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdi. M. Öwlýakulowanyň sazandarlyk etmeginde “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy R. Baýramow D. Öwezowyň “Hally gözel” eserini ýerine ýetirdi. Soňra “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G. Ýazmämmedowa “D. Öwezowyň aýdym-saz mirasy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M. Saparmyradowa “D. Öwezow – türkmen klassiki operalarynyň düýbüni tutujy”, “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby M. Mediýewa “D. Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden hor eserleri” atly temada çykyş edip, many-mazmunly we gyzykly maglumat berdiler. M. Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde “Ýekelikde aýdym aýtmak” hünäriniň IV ýyl talyby Ý. Ataýew D. Öwezowyň Ý. Meýtus bilen bilelikde döreden “Leýli-Mejnun” operasynyň II aktyndan “Köriň aýdymyny” keşbi janlandyryp ýerine ýetirmegi başardy. Şeýle hem D. Öwezowyň hor üçin döreden “Baglar, heý” eseri diňlenildi.
Beýik kompozitorlaryň hatyrasyna geçirilýän şeýle çäreler, talyplar üçin uly nusga alarlyk mekdepdir. Bu ýatlama duşuşygy diňe bir taryhy ýatlama bolman, eýsem, ýaş nesilleriň beýik ussatlaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.
“Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygynda çykyş eden talyplara we mugallymlara aýdym-saz, sungat we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Ogulbeg ÝEGENOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
