“Dost-doganlyk mukamlary” atly konsert geçirildi


      Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni şanly senelere, toý-baýramlara beslenýär. 
     Baýramçylyklar mynasybetli dürli medeni çäreler we dabaralara uly orun berilýär. Ýakynda şeýle konsertleriň biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Estrada sungaty” kafedrasynyň gurnamagynda “Dost-doganlyk mukamlary” ady bilen geçirildi. Bu aýdym-sazly agşam diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem, dürli halklaryň saz medeniýetiniň özara sazlaşygyny we dostlukly gatnaşyklaryny aýdym-saz dili bilen dabaralandyrýan ylmy-medeni çärä öwrüldi. Konsertiň repertuar meýilnamasy mazmun we žanr taýdan baýlygy bilen tapawutlandy.
     “Dost-doganlyk mukamlary” atly konsertde estrada orkestriniň we kafedranyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen, azerbaýjan, hindi, türk we dünýä estradasynyň nusgawy eserleri ýaňlandy. Ýerine ýetirilen eserlerden “Estrada sungaty” hünäriniň talyby S. Allaýarowyň türkmen kompozitory Çary Nurymowyň “Çuw, atym!” aýdymy, şol hünäriň talyby K. Annaýewiň “Sari gälin” azerbaýjan halk aýdymyny başynda goşguly ýerine ýetirmegi has-da täsirli boldy. 
    Dünýä estradasynyň we kinofilm sazlarynyň nusgalary hem dabaranyň bezegine öwrüldi. Gruzin kompozitory G. Kançeliniň “Mimino” kinofilmi üçin ýazan “Çitta-gwritta” eseri S. Allaýarowyň; M. Telonyň “Nosa” atly eseri K. Annaýewiň; F. Zakirowyň “Ýalla” toparynyň repertuaryndan “Jinnuni” aýdymy Ş. Illiýewiň ýerine ýetirmekliginde özboluşly öwüşgin bilen ýerine ýetirildi. O. Toşmatowyň  “Andijon polkasy” atly sazy estrada orkestriniň köptaraply mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Wokal ýerine ýetirijiliginde Ýuriý Şatunowyň, Ibrahim Tatlysesiň we beýleki meşhur estrada ussatlarynyň eserleri: “Детство”, “Hadi-hadi” diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. 
     Konsert dostlukly we medeni gatnaşyklaryň saz sungatyndaky dabaralanmasyna öwrüldi.  Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserlere estrada orkestri sazandarlyk etdi we oňa “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, konserwatoriýanyň uly mugallymy M. Mämmetjumaýewa dirižýorlyk etdi. 
       Şeýle döredijilikli çäreler talyplaryň estrada sungatynyň inçe tärlerini özleşdirmekleri we dünýä saz mirasyna bolan garaýyşlaryny kämilleşdirmekleri üçin möhüm ähmiýete eýedir.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary üçin döredilip berilýän ähli mümkinçiliklerine Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.


Ogulbeg ÝEGENOWA,
     Maýa Kulyýewa adyndaky 
                                                       Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
                                                    “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm