“Gündogar we Günbatar medeni adatlarynyň taryhy-genetiki arabaglanyşygy” atly ylmy amaly maslahat
Ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynda hem ençeme ýyllaryň dowamynda däp bolup gelýän kafedralaryň hepdelikleri yzygiderli geçirilýär. Ynha bu gün hem “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginiň üçinji gününde Ç. Nurymowyň, R. Allaýarowyň, B. Hudaýnazarowyň ýubileýleri mynasybetli “Gündogaryň we Günbataryň medeni adatlarynyň taryhy-genetiki arabaglanyşygy” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Bu ylmy-amaly maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymlary çykyş etdiler. Maslahatyň başyny sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Şemşat Annagylyjowa “Türkmen saz sungatynyň ussat halypalary” atly çykyşy bilen açdy. Soňra, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň dosenti, s.ö.y.k. Ýelene Osipowanyň “Mukamyň täzeçe beýany”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy, s.ö.y.k. Zulfiýa Jumagulyýewanyň “Baýram Hudaýnazarow hakynda ýatlamalar”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Zohra Gabibowanyň “Rejep Allaýarow. Saz dünýäsiniň binagäri”, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy Laçyn Mätdurdyýewanyň “Rejep Allaýarowyň Rabindranat Tagoryň goşgularyna okyjy, solistler, hor hem-de simfoniki orkestr üçin oratoriýasynda çeper keşbiniň beýany”, sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Zamira Mamedkuliýewanyň “Saz sungatynyň ussady Çary Nurymowyň döredijilik portreti” ýaly örän gyzykly we täsirli çykyşlar boldy.
Maslahatyň ahyrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D. Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy Saparmyrat Baýlyýewiň “Çary Nurymowyň döredijiligi bilen halk sazynyň arabaglanyşygy” atly çykyşy bilen jemlendi. Geçirilen ylmy-amaly maslahat çykyş edilen temalaryň dürliligi, täsirliligi bilen tapawutlandy.
Baýram GARAÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby.