Sungat we döredijilik
Adamzat taryhynyň dowamynda sungat diňe bir gözellik döretmek däl, eýsem adam ruhunyň iň çuňňur gatlaklaryna aralaşmagyň ýoly bolup hyzmat edipdir. Köplenç biz bagty maddy baýlykda ýa-da wagtlaýyn şatlykda gözleýäris, emma hakyky bagt — bu kalbyň aram tapmagydyr. Sungat bolsa şol arama barýan iň gysga ýoldur.
Sungat bilen meşgullanmak ýa-da ondan lezzet almak adamyň içki dünýäsini baýlaşdyrýar. Surat çekmek, saz çalmak ýa-da goşgy düzmek we ş.m arkaly ynsan öz içki gorkularyny, umytlaryny we söýgüsini beýan edýär. Bu bolsa ruhy ýeňillik we uly bagt duýgusyny berýär.
Sungat eserini döredýän ýa-da oňa berlip tomaşa edýän adam wagt baradaky düşünjesini ýitirýär. Psihologiýada muňa “akym ýagdaýy” diýilýär, bu bolsa adamyň iň ýokary derejede kanagatlanýan pursatydyr.
Sungat diňe muzeýlerde ýa-da teatrlarda däl, ol biziň gündelik durmuşymyzda hem bar. Öýümiziň bezegi, geýýän lybasymyz, hatda diňleýän aýdymymyz hem biziň ruhy ýagdaýymyza täsir edýär.
Hakykatdan hem, kyn pursatlarda bir ýakymly saz biziň göwnümizi göterip, ertire bolan ynamymyzy artdyryp bilýär. Bagtly bolmak üçin hökman professional suratkeş ýa-da sazanda bolmak gerek däl, eýsem sungaty söýmek we oňa düşünmäge çalyşmagyň özi hem ýeterlikdir. Sungat barada beýik şahsyýetler hem öz çuň mazmunly pikirlerini hem aýdyp geçipdirler.
“Sungat ruhuň tozanyny gündelik durmuşdan ýuwup aýyrýar”. Fransuz we ispan suratkeşi we dizaýneri (1881-1973) Pablo Pikasso.
“Bagt biziň daşymyzda däl, ol biziň içimizdedir. Ony tapmagyň iň gowy ýoly bolsa döredijilikdir”. Fransuz ýazyjysy, filosof (1613-1680) Fransua de Larofuko.
“Ömür gysga, sungat bolsa ebedidir”. Grek lukmany, taryhda “lukmançylygyň atasy” (b.e öň 460-370) Gippokrat.
“Sungat eserleri tükeniksizdir, olaryň soňuna çykyp bolmaýar, diňe ret edip bolar”. Alym, suratkeş (1452-1519) Leonardo da Winçi.
“Sungatyň maksady – närsäniň daşky sypatyny açmak däl-de, eýsem onuň içki manysyny görkezmekden ybaratdyr”. Beýik akyldar, pelsepeçi (b.e.öň 384-322) Aristotel.
“Sungat — bu adamlary birleşdirýän, olary şol bir duýgy bilen ýaşadýan ruhy gatnaşykdyr”. Akyldar beýik rus ýazyjysy, filosof (b.e.öň 384-322) Lew Nikolaýewiç Tolstoý.
“Iň ajaýyp duýgy — bu syrlylyk duýgusydyr. Ol hakyky sungatyň we ylmyň gözbaşydyr”. Dünýä taryhynda iň beýik fizigi (1879-1955) Albert Eýnşteýn.
Sungat we bagt biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sungat adamyň kalbyna ýol salýar, bagt bolsa şol ýoluň barjak nokadydyr. Durmuşyňyzy sungat bilen bezäň, şonda dünýä has reňkli, kalbyňyz bolsa has owadan bolar.