“MY FAVORITE BRAND” (“MENIŇ HALAÝAN BRENDIM”) ATLY BÄSLEŞIK GEÇIRILDI


     Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda “My favorite brand” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň işjeň mugallymlarynyň gurnamagynda “Saz öwreniş, kompozisiýa we fortepiano” fakultetiniň IV ýyl talyplarynyň arasynda geçirildi. 
Her bir talyp  özüniň halaýan, uly isleg bildirýän brendleriniň taryhy, dünýä ýüzünde meşhurlygy, onuň öndürýän önümleriniň görnüşleri, hili hakynda iňlis dilinde gyzykly maglumatlary özünde jemleýän prezentasiýanyň üsti bilen çykyş etdiler. Olar işleriniň mazmunyny birnäçe suratlar we wideo ýazgylary bilen baýlaşdyryp, beýan etmekleri tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredip, uly täsiri galdyrdy. Sazşynas talyplar iňlis dilinde erkin gürläp bilýändiklerini eden çykyşlary arkaly subut etdiler.
Tomaşaçylaryň we emin agzalaryň gelen netijeleri esasynda Ýangyýewa Altyn, Mämmetdurdyýewa Orazjahan, Nuryýewa Aýnur hem-de Döwletowa Gülkamar baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu bäsleşik gyzykly we täsirli bolup, ýene-de şeýle döredijilik bäsleşikleriniň geçirilmegine uly badalga berer.


Arzygül ÝAGMYROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen  milli
Konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm