Uçurym talyplaryň konserti
Ýurdumyzda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynda birnäçe ýyllap halypa mugallymlardan tälim alyp gelýän, okuwyny üstünlikli tamamlaýan uçurym talyplarynyň ýekelikdäki konsertleri yzygiderli geçirilýär.
Ýakynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Osman Sapargeldiýewiň ýerine ýetirijilik hünäri boýunça türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň ajaýyp eserlerinden düzülen dabaraly konserti geçirildi. Konsert zalynda ussatlyk bilen ýerine ýetirilen türkmen we daşary ýurt eserleri konserte tomaşa edýän myhmanlaryň köňül ruhuny galkyndyrdy.
Konsertiň dowamynda ýaňlanan eserlerden akkordeon saz guralynda Osman Sapargeldiýewiň ýerine ýetirmeginde B. Hudaýnazarow “Tokkata”, A. Repnikow “Konsertino”, I. S. Bah “Organ üçin prelýudiýa we fuga”, B. Weksler “Moldawskiýe eskizi”, A. Žurbin “Tokkata” ýaly eserleri diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Ajaýyp zehinini görkezip çykyş eden uçurym talyba halypa mugallymlary uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Dabaranyň ahyrynda ajaýyp zamanamyzda medeniýetimiziň, sungatymyzyň mundan beýläkde pajarlap ösmegi üçin uly aladalary edýän, biz ýaşlara okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan ýurt ähmiýetli işleriniň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.
Arzuw AŞIROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň IV ýyl talyby.
