Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda watanymyzyň asudalygyny gorap saklamak, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet ähmiýetli işler alnyp barylýar. Halkymyzyň arasynda jemgyýetimiziň asudalygyny, kada-kanunlaryny berjaý etmek bilen bagly birnäçe dürli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda hem Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda geçirilýän döwlet syýasaty barada, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga degişli edaralardan ýörite wekilleriň birnäçesi we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Duşuşykda Türkmenistanyň mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Muhammetberdi Geldimämmedow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy Rüstem Mämmedow, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4 nji bölüminiň müdiri polisiýanyň maýory Döwran Amanmyradow, Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Meretgül Taganmyradowa dagylar çykyş etdiler. Myhmanlar öz çykyşlarynda ýaş nesliň arassa ahlakly, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan kämil, watana gerekli hünärmenler bolup ýetişmelidigini ündediler. Mundan başga-da birnäçe mysallaryň üsti bilen konstitusiýamyzdaky kanunlary, borçnamalaryň we hukuknamalaryň üstünde aýratyn durup geçdiler.
Geçirilen bu duşuşygyň talyp ýaşlary terbiýelemekde ähmiýetiniň ulydygyny bellemelidiris. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwlet berkararlygyny, il agzybirligini barha berkidýän, asuda, abadan ýaşaýyşymyzy dowamata atarýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Göwher AGAGELDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.
