Ussat sazanda Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda talyp ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Biziň owadan diýarymyzyň her bir güni toýdur-dabaralara, şanly senelere beslenýär.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda sungat ýolunda öçmejek yz goýan halypa bagşy-sazandalaryň, professional sungat wekilleriniň döredijiligi bilen bagly çäreleri geçirmek däbe öwrüldi. Ýakynda ussat sazanda Şükür bagşynyň 195 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy hem şeýle çäreleriň biridir.
Döredijilik konserti Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym Aýgül Ýagşyýewanyň hem-de uly ylmy işgär Amannepes Amannepesowyň guramagynda geçirildi.
Dabaranyň açylyşynda Nury Halmammedowyň “Şükür bagşy” kinofilmi üçin ýazan sazy Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda kamera orkestr tarapyndan ýerine ýetirildi. Bu ajaýyp eseri Myrat Aşirow ýekelikde ýerine ýetirdi we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Döredijilik duşuşygynda halypa mugallymlar hem uly joşgun bilen çykyş etdiler. Türkmenistanyň halk artisti, professor Ýolaman Nurymow, Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Çaryýew we uly mugallym Aganazar Öwezgeldiýew türkmen halk sazy “Salmadan bökdüren”, “Şadilli” ýaly ajaýyp eserler bilen dabara mynasyp şowhun goşdular.
Duşuşygyň aýratyn täsirli pursatlaryndan biri taryhçy mirasgär mugallym, Kaka etrabynyň Şükür bagşy obasynyň ýazyjysy Nurnazar Jumanazarowyň çykyşy boldy. Ol türkmen saz sungatynyň altyn hazynasy hasaplanýan Şükür bagşynyň durmuş ýoly we döredijilik mirasy barada gyzykly hem täsirli maglumatlary diňleýjiler bilen paýlaşdy.
Dabara aýdym-saz bölüminde Türkmenistanyň Halk artisti Baýrammyrat Söýinowyň we Gurbangeli Gurbanberdiýewiň sazandarlyk etmeginde “Dutarym” aýdymyny “Türkmen-gaz” döwlet konserniniň medeni işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblyndan bagşy Kyýas Durdyýew ýokary derejede ýerine ýetirdi.
Döredijilik duşuşygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Işanguly Gündogdyýewiň ýolbaşçylygynda dutarçy talyplar toparynyň ussat sazanda Şükür bagşynyň “Sallana” eserini joşgunly ýerine ýetirmegi bilen tamamlandy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar halypalaryň döredijligini öwrenmek, olaryň eserleriniň ýaşlara ýetirmek üçin döredilip berilýän ähli mümklinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahyman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna özleriniň çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Daýana HOJAMKULYÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby.
