Nowruz geldi güle besläp dünýäni


     Ýakynda  Maýa  Kulyýewa adyndaky Türkmen milli  konserwatoriýasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň  Merkezleşdirilen  kitaphanalar ulgamynyň  Nury Baýramow  adyndaky şahamçasy   bilelikde  Halkara  Nowruz baýramçylygyna bagyşlap  “Nowruz geldi güle besläp dünýäni” ady bilen  aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu  baýramçylyk  çäresi  esasan hem talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Geçen bu baýramçylyk çäresini  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Maral Nuryýewa alyp bardy. Halkara derejede ähmiýetli bolan bu baýram dünýäde medeni-ynsanperwer  ýörelgeleri kämilleşdirmäge, halklaryň  arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Däp  bolşy ýaly türkmen halkymyzda  Nowruz  saçagynda dürli we tagamly nygmatlar, köpdürli  naharlar bilen bezemek dessury  gadymdan bäri dowam edýär. Bu  baýramçylykda esasan  hem  semeni,  palaw, süýtli aş, dänik, bulamak, noýbaly unaş, mäşewe, Nowruz ýarmasy ýaly tagmlary goýýarlar.
     Geçen gyzykly çärede  Halkara Nowruz baýramynyň  ýurdumyzda we  Orta Aziýa  ýurtlarynda bellenilişi hakynda kitaphanaçylar Ogulşeker Gurbanowa we Ogulşat Myradowa dagylary gyzykly gürrüňleri berdiler. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri Maral Nuryýewa bolsa  Nowruz baýramynyň taryhy hakynda gürrüň berdi.  Dabaranyň dowamynda  Türkmen  çeper edebiýatynda Nowruz  baýramynyň waspy hakynda Türkmen milli  konserwatoriýasynyň  talyplary  bolan “Sazşynaslyk” hünäriniň  3-nji  ýyl talyby Ýegenowa Ogulbeg   bahar pasly hakyndaky şygyrlar bilen , “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby  Taganowa Altyn hem watan hakynda, ýaz pasly hakynda öz döreden şygyrlary bilen çykyş etdi.  Dabaraly çäräniň dowamynda  “Bagşy” hünäriniñ  2-nji ýyl talyby Sahydursyn Mätiýewa ýerine  ýetirmekliginde  Nowruz baýramy, bahar pasly hakyndaky aýdymlary bilen, şeýle-de oňa sazandarlyk eden “Türkmen sazy” hünäriniñ  2-nji ýyl talyby  Mergen Asdanow we şol kafedranyň 3-nji ýyl talyby Gurbangeldi Saparow dagynyň çykyşlary oňa gatnaşyjylara  ruhy lezzet paýlady.    Bu  Gyzykly çäräniň dowamynda talyplar we myhmanlar Halkara Nowruz  baýramy mynasybetli  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň gurnan kitap sergisini aýlandylar. 
     Çäräniň  ahyrynda oňa gatnaşyjylar  ýurdumyzyň  gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz  hoşallyklaryny  aýtdylar. 
         
                       
  Ogulbeg ÝEGENOWA,
 Maýa Kulyýewa adyndaky 
Türkmen Milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň III-nji ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm