Bahar mukamy, Tebigat bilen sazyň sazlaşygy
Ýaz gelmegi bilen dymyp ýatan älem birden janlanýar. Bu janlanyşyň özi iň kämil saz eserine meňzeýär. Ýaz paslynyň ilkinji sazandasy — bu daglardan syrygyp düşýän ak çeşmelerdir. Daşlara urulýan suwuň şolpuldysy, ýakymly owazy edil gyjagyň inçe perdesinden çykan ses ýaly göwnüňi göterýär. Şol bir wagtda, baglarda saýraýan bilbilleriň, dürli guşlaryň owazy bahar simfoniýasynyň iň naýbaşy bölümidir. Olaryň saýramagy — täze durmuşyň, söýginiň we şatlygyň senasydyr.
Taryh boýunça köp sanly kompozitorlar, bagşy-sazandalar ýaz paslyndan ylham alypdyrlar. Türkmen klassyk edebiýatynda we saz sungatynda bahar pasly hemişe täzelenişiň, gözelligiň simwoly hökmünde görkezilýär. Ýaz şemaly nähili ýakymly öwüsse, dutaryň barmak urulmalary hem şeýle näzikdir. Saz diňe bir ses däl, ol eýsem reňkdir. Ýaz paslynyň al-ýaşyl reňkleri, açylan gülleriniň ysy edil aýdymyň sözleri ýaly biri-birine utgaşyp gidýär. Türkmen sährasynyň durnalar gelende çykarýan sesi, gozgalýan otlaryň hyşyrdysy — bular tebigatyň döreden iň uly aýdymydyr. Biz şol sazy diňläp, kalbymyzda täze umytlary oýarýarys.
Ýaz pasly tebigatyň iň owadan we iň sazlaşykly aýdymydyr. Bu pasylda ynsan kalby hem şol umumy saza goşulyp, täze arzuwlar, täze ylhamlar bilen ganatlanýar. Tebigatyň her bir sesi — bu biziň ýaşaýşymyzyň baky sazydyr.
Türkmen medeniýetinde ýaz pasly bilen dutar owazy biri-birinden aýrylmazdyr. Ýaz sährasynda çalynýan eserler diňleýjiniň göz öňünde gül açan sährany, lowurdaýan güneşi we janlanýan topragy janlandyrýar. Dutaryň iki taryndan çykýan ses, edil ýaz ýagyşynyň topraga düşýän damjalary ýaly dury we tämizdir.
Saz sungatynda "tonallyk" diýen düşünje bar, ýazda bolsa bu tonallyk reňkler bilen utgaşýar. Al-ýaşyl begrese bürenen baýyrlar, gyzyl läleler, ak we bägül reňkli miwe baglary — bular göýä bir uly aýdymyň dürli akkordlarydyr. Her bir reňkiň öz sesi bar:
Ýaşyl reňk — bu asudalygyň, naýyñ (tüýdügiñ) sesi.
Gyzyl läleler — bu joşgunyň, depregiň ýa-da dutaryň sesi.
Gök asman — bu bolsa bütin dünýäni gurşap alýan belent we tämiz hor owazy.
Iň esasy saz bolsa ynsanyň içinde döreýär. Ýaz pasly gelende adamlaryň kalbynda hem täze umytlaryň, arzuwlaryň we söýginiň aýdymy ýaňlanyp başlaýar. Baharyň täze gülleýän gülleri ýaly, ynsan ruhy hem galkynýar. Bu bolsa durmuşyň iň uly we baky aýdymydyr.
Türkmen saz sungatynda baharyň we tebigatyň ruhuny iň kämil beýan eden ussatlaryñ biri Nury Halmämmedowdyr. Onuň döredijiligini diňläniňde, göz öňüňde türkmen sährasynyň ähli gözelligi janlanýar. Onuň meşhur "Durnalar" eseri ýa-da kinofilmlere ýazan sazlary edil bahar ýagyşy ýaly dury we tämizdir. Nury Halmämmedow öz sazlary arkaly sähranyň salkyn şemallaryny, durnalaryň hatar gurap geliş owazyny we topragyň oýanyşyny notalara geçirip bilen beýik ussatdyr. Onuň sazy — baharyň kalbymyzdaky sesidir.
Bahar paslynyň ählihalklaýyn we bakylygyny dünýä derejesinde tassyklan kompozitorlaryň biri hem italýan ussady Antonio Wiwaldidir. Onuň meşhur "Pasyllar" (The Four Seasons) atly skripka konsertlerindäki "Ýaz" (La Primavera) bölümi tebigatyň oýanyşyny iň kämil şekillendirýän eserdir. Bu eserde biz guşlaryň saýramagyny, gök gürlemesini we çeşmeleriň akymyny skripkanyň jadyly owazynda eşidýäris. Wiwaldiniň bu eseri baharyň diňe bir pasyl däl, eýsem bütin dünýäni birleşdirýän şatlyk nagmasydygyny subut edýär.
Ýaz pasly tebigatyň iň kämil simfoniýasy bolup, ol diňe bir daşky gurşawyň täzelenmegi däl, eýsem ynsan ruhunyň belent galkynyşydyr. Sazyň, reňkiň we tebigatyň bu bitewi sazlaşygy biziň her birimizi täze arzuwlara, döredijilikli ýollara we durmuşyň iň owadan nagmasyny diňlemäge çagyrýar.
Mahym MEDIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasyñ
“Sazşynaslyk” hünariniň III ýyl talyby.
