Nusgawy eserler ýaňlandy


    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, mukaddes Watanymyzyň her bir güni ajaýyp wakalara, döredijilikli ösüşlere we ruhy galkynyşlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň, aýratyn-da medeniýet we sungat işgärleriniň kalbynda egsilmez joşgun döretdi. Çünki türkmen ruhunyň ganaty bolan bedew we onuň batly gadamlary biziň şu günki belent ösüşlerimiziň hakyky nyşanydyr.
  Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda täze ýylyň şygary astynda okuwy tamamlaýan uçurymlaryň konsertini geçirmek eýýäm birnäçe ýyllar bäri däbe öwrüldi. Ýerine ýetirijilik hünärlerinde okaýan talyplar bäş ýylyň dowamynda halypalardan öwrenen nusgawy saz eserleriniň birnäçesini uly konsert zalynda talyp deň-duşlarynyň öňünde ýerine ýetirip çykyş etmekleri olary geljekde bu ugurda öňdebaryjy hünärmenler bolup ýetişmegi üçin oňyn netijesini berýär. 
      Ýakynda şeýle konsertleriň biri üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary hünäriniň 5-nji  ýyl talyplary Begenç Rozyýewiň hem-de Şöhrat Çontykowyň gatnaşmagynda geçirildi. 
      Begenç Rozyýew talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän ençeme döwlet bäsleşiklerine hem yzygiderli gatnaşyp özüni göreldeli talyp hökmünde görkezip gelýär.  
     Geçirilen konsertiň dowamynda Begenç Rozyýew truba saz guralynda, Şöhrat Çontykow tuba saz guralynda halypalaryndan öwrenen ajaýyp türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleriniň birnäçesini ýokary derejede  ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen eserlerden D.Öwezow we A.Şapoşnikowyň “Şasenem-Garyp” operasyndan “Garybyň aýdymy”, N.Nuhadowyň “Gözler bilen” G.Telemanyň “Sonata №1”, I.S.Bahyň “Prelýudiýa” eserleri has-da täsirli boldy. 
      Konsertiň dowamynda üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň halypa mugallymlary ýaş ýerine ýetirijilere bu ugurda öňe gitmekleri üçin özleriniň peýdaly maslahatlaryny berdiler.
      Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.



Dinara DAWLETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň 
“Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby.






66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm