Zenanlar-durmuşyň gözelligi


 Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow:
"Zenanlara bolan sylag, sarpa halkyñ medeni gymmatlyklarynyñ we asyllylygynyñ nyşanydyr"

     Biziň ýurdumyzda Halkara aýal-gyzlar güni döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Bu baýram zenanlaryň jemgyýetdäki belent mertebesiniň we döwletimiziň alyp barýan durmuş syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Şeýle hem bu gün ene-mamalarymyzyň asylly däp-dessurlarynyň we döwrebap zenan keşbiniň utgaşýan pursadydyr. Taryhy çeşmelere seredenimizde bu senäniñ üýtgeşik ýatlamasy bardyr. Ýagny 1910-njy ýylda Kopengagende geçirilen Halkara işçi aýallaryň maslahatynda germaniýaly işçi zenan Klara Setkin aýallaryň öz hukuklary ugrundaky göreşini birleşdirmek üçin ýörite günüň bellenilmegini teklip etdi, we şol günden başlap 8-nji mart esasy taryhy seneleriñ birine öwrüldi.
1975-nji ýylda BMG tarapyndan bu sene resmi taýdan Halkara aýal-gyzlar güni hökmünde ykrar edildi. Häzirki wagtda aýallar diňe bir maşgala ojagyny däl, eýsem jemgyýetde hem öz işjeňliklerini görkezýärler. Baýramyň mazmuny wagtyň geçmegi bilen mähir-muhabbetiň, gözelligiň we enelik mähriniň wasp edilýän gününe öwrüldi. 8-nji mart — taryhyň dowamynda zenanlaryñ gazanan üstünlikleriniň jemini jemleýän we geljege umyt bilen garalýan halkara senesidir. Bu baýram zenanyň jemgyýetdäki ornunyň ýagny, ylymda, syýasatda we medeniýetde hem ägirt ulydygynyň tassyklamasydyr.
        Mähriban gelin-gyzlar siziñ her biriňizi bu owadan baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýüzüňiz nurdan, kalbyňyz hyjuwdan, gujagyňyz hemişe gülden dolsun, baýramyňyz  gutly bolsun!

Miýesser ULJAÝEWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky

Türkmen milli konserwatoriýasynyň

“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.



66fe3e4b0e9fd916.png (787×65)



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
город Ашхабад, ул. 1984 (Пушкина), 22.
22, 1984 (Pushkin) str., Ashgabat city.

Telefon belgiler:
(99312 ) 92-28-56
Email:
tmk@online.tm