AŞGABATDA IŇLIS DILINI OKATMAKDA INKLÝUZIW USULYÝETLERI ORNAŞDYRMAK BOÝUNÇA HALKARA SIMPOZIUMY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 3-nji martynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Embedding Inclusive Methodologies in PRESETT” (Mugallymlary taýýarlamagyň hünär standartlarynda inklýuziw usulyýet) atly ylmy-usuly simpozium geçirildi. Bu çäre Britaniýa Geňeşiniň we Nottingem Trent uniwersitetiniň (Beýik Britaniýa) goldawy bilen Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň çäklerinde guraldy. Simpoziumyň maksatnamasy milli mugallymlary inklýuziw bilim ulgamyndaky dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmaga we häzirki bilim standartlaryny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirildi. Forumyň resmi açylyşyna TMDDI-niň Rektory we Beýik Britaniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon gatnaşdy. Esasy çykyş bilen häzirki zaman pedagogika ulgamynyň bilermeni, doktor Sara Han çykyş etdi.
Gatnaşyjylar bilim ulgamynda deň mümkinçilikleri döretmek we okuw maksatnamalaryny talyplaryň aýratynlyklaryna görä uýgunlaşdyrmak meselelerine üns berdiler. Hususan-da, neýrodiwergent aýratynlyklary bolan talyplary goldamagyň usullary we her bir öwrenijiniň şahsy ösüşi üçin zerur bolan mümkinçilikleri bermegi göz öňünde tutýan «Equity» (adalatlylyk) prinsipi ara alnyp maslahatlaşyldy. Amaly sapaklaryň dowamynda multisensor (köp duýgy agzalary arkaly öwrenmek) çemeleşmesine aýratyn ähmiýet berildi. Bu usul maglumatlary kabul etmegiň ähli ýollaryny: görüş, eşidiş we kinestetik ulgamlaryny bir wagtda ulanmagy göz öňünde tutýar. Şeýle usullaryň ornaşdyrylmagy materialy özleşdirmegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar we daşary ýurt dilini öwrenmekde psihologiki päsgelçilikleri aradan aýyrýar.
Simpoziumyň işine Türkmenistanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň iňlis dili mugallym-öwrenijisi Alwowowa Dunýägözel wekillik etdi. Sazçylyk bilimi ulgamynda inklýuziw we multisensor usulyýetleriň ornaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu usul döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna talyplaryň eşidiş we ritm duýgylaryny ulanyp, iňlis dilini has çalt öwretmäge mümkinçilik berýär. Simpoziumyň ahyrynda gatnaşyjylara halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Bu forumyň netijeleri Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny sanlylaşdyrmak we kämilleşdirmek işinde möhüm ädim boldy.
Dünýägözel ALMOWOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.
