Türkmen zenanlarynyň edermen keşbini eserlerine siňdiren ussat ýazyjy
Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy bilen “Miras“ teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli we türkmen çeper edebiýatynda türkmen zenanlarynyň orny we Türkmenistanyň tanymal ýazyjysy Şirinjemal Geldiýewanyň doglan güniniň 90 ýyllygy mynasybetli “Türkmen zenanlarynyň edermen keşbini eserlerine siňdiren ussat ýazyjy” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi. Bu aýdym sazly gepleşige Türkmenistanyň tanymal ýazyjysy Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň uly mugallymy Bägül Annabaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň “Miras” žurnalynyň redaksion bölüminiň iňlis ýazgysynyň redaktory Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Akgül Kaýumowa myhmançylykda boldular. Olar konserwatoriýanyň döredijilik bilen meşgullanýan talyplarynyň gatnaşmaklarynda olary gyzyklanýan maglumatlar hakynda sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Geçen bu çäräni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Taýlyýewa Güljemal alyp bardy.
Türkmenistanyň tanymal ýazyjysy Şirinjemal Geldiýewanyň ömri we döredijilik ýoly barada gysgaça aýdylanda halypa ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda 1936-njy ýylyň 29-njy dekabrynda eneden bolýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ filologiýa fakultetinde okaýar. Ilki 1960-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. Soňra aspirantura okuwa girýär we ony tamamlap, 1967-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ş.Geldiýewa ylmy kitaplaryň hem birnäçesiniň awtorydyr.
Geçen gyzykly duşuşykda myhmanlar türkmen çeper edebiýatynda zenanlaryň görkezen edermenlikleri, gahrymançylyklary hakyndaky eserler, kitaphana müdiri Maral Nuryýewa bolsa çeper edebiýatyň ähmiýeti barada giňişleýin gyzykly gürrüňleri berdiler. Gyzykly söhbetleriň dowamy konserwatoriýanyň bagşy talyplarynyň ýerine ýetirmekliginde zenanlarymyzy wasp edilen aýdym-sazlara utgaşyp gitdi.
Gepleşigiň ahyrynda talyplar myhmanlar bilen sorag-jogap alyşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar türkmen çeper edebiýatyny we aýdym-saz sungatyny, medeniýetini ösdürmäge uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.
Ogulgözel NIMETOWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby.
