Döredijilik duşuşygy geçirildi
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary bilen ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda halypa-şägirtlik ýoluna hem uly üns berilýär. Biziň ýokary okuw jaýymyz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda yzygiderli duşuşyklar, konsertler geçirilýär.Ynha şu gün hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary ansamblynyň bagşysy, Döwletgeldi Durdyýewiň gatnaşmagynda “Konserwatoriýa uçurymlaryny çagyrýar” atly bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Döwletgeldi Durdyýew 1976-njy ýylda Bäherden etrabynyň Arçman obasynda dünýä inýär. Heniz çaga wagty onuň maşgalasy Daşoguz şäherine göçýär. Daşoguz şäherindäki çagalar sungat mekdebine gatnap, halypa bagşy sungat ýoluna gadam basýar. Soňra Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebine okuwa girýär. Okan döwri ussat halypalardan bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny öwrenip, 1993-nji ýylda geçirilen “Ýaňlan diýarym” telebäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. 1995-nji ýylda bolsa hünärini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyna okuwa girýär. Bu ýerde ussat halypalar Akmyrat Çaryýewden, Ýolaman Nurymowdan sapak alýar.
Ussat bagşy Döwletgeldi Durdyýew bu günki geçirilen duşuşykda birnäçe aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirdi. Olardan : türkmen halk aýdymy “Ýar-ýar”, “Ýigitlik çagy”, “Oýanmaz, “Şasenem-Garyp” dessanyndan “Ýar bolaýyn”, “Döker ganymy”, “Gül-Bilbil” dessanyndan “Ýetişdi” aýdymlaryny görkezmek bolar. Şeýle-de “Görogly” dessanyndan bir parçany ýerine ýetirdi.
Duşuşygyň soňunda Konserwatoriýanyň ussat halypa mugallymlaryna söz berildi. Olar hem öz gezeginde Türkmen sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda, ony ýaş nesle geçirmekde döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny bildirdiler.
Medeniýetiň we sungatyň hak howandary, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Gülnar ATAÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli klonserwatoriýasynyň
"Sazşynaslyk" hünäriniň II ýyl talyby.
