ÝAŞ KÖRPEJELERE MILLI SAZ GURALLARYMYZ SOWGAT BERILDI
30-njy dekabrda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýip yglan edilen täze, 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň yzygiderli aladalary netijesinde gaznanyň işiniň barha ilerleýändigini nygtady. Gaznanyň guramagynda geçirilen çärä “Jahan” döredijilik merkeziniň körpeleri gatnaşyp, Täze ýylyň baş gahrymanlary hasaplanýan Aýazbabadyr Garpamyk bu ýerde guralan dabaranyň esasy myhmanlary boldy.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji gününde Döwletliler köşgüniň giň zalynda baýramçylyk öwüşgüninde bezelen Täze ýyl mynasybetli dabara geçirildi. Bu ýerde terbiýelenýän çagalara döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan dürli süýjüliklerden, ter miwelerden, okuw esbaplardan, interaktiw enjamlardan ybarat bolan sowgatlary, şol sanda ilkinji gezek milli gyjagymyz we dutarymyz hem-de dürli saz gurallarymyz körpeje jigilerimize gowşuryldy. Dabara gatnaşýan çagalar özleri barada döwlet tarapyndan edilýän tagallalar üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar bezelen arçanyň ýanynda goşgylaryny, joşgunly tanslaryny, eziz Watanymyzy wasp edýän, aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.
Şeýle dabaraly günlerde ýaş zehinli oglan-gyzlarymyzy döwrümizi wasp etmekde işjeňlik görkezen, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, öz goşantlaryny goşan ýaş körpejelere Gulbaba adyndaky çagalar baýragy gowşurmak dabarasy hem giňden bellenip geçildi. Diýarymyzyň gülleri ýüreklerimiziň örki bolan eziz çagalarymyzyň, arzuwlary bu günki gün hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Munuň özi ösüp gelýän ýaş nesillerde döredijilik ukybyny ösdürmek, olaryň aýdym-saza höwesini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr.
Amannepes AMANNEPESOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň
“Milli saz gurallary bejermek we kämilleşdirmek” laboratoriýasynyň
uly ylmy işgäri.
